Ï Täze ýylyň öňisyrasynda geçirilen okuw maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýylyň öňisyrasynda geçirilen okuw maslahaty

view-icon 702
Täze ýyl baýramçylyklarynyň öňisyrasynda şäherleriň we obalaryň köçelerinde dürli şekilli oýnawaçlar bilen bezelen täze ýyl arçalarynyň sany barha we barha köpelýär. Ýöne, Aýaz baba we Garpamyk Täze ýylyň barha ýakynlaşýandygynyň aýdyň şaýady bolup durýar.

Geçen şenbe güni paýtagtyň we welaýat teatrlarynyň, şeýle hem etraplaryň Medeniýet öýleriniň artistleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guran okuwyna gatnaşmak üçin Aşgabada ýygnandylar. Olar şu görnüşleri bilen täze ýylyň baýramçylyk günlerinde Arça baýramçylyklaryna gatnaşarlar.


Şol gün Aýaz babalaryň we Garpamyklaryň jübütleriniň ýüzden gowragyny Aşgabat şäheriniň 48-nji çagalar bagynda, “Älem” medeni dynça layş merkezinde, “Türkmeniň ertekiler dünýäsi” milli seýilgähinde, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň täze ýyl baýramçylygy mynasibetli taýýarlan “Jadyly urguç” atly oýnunda görmek boldy.

Okuw maslahaty Alp Arslan adyndaky Türkmen döwlet milli ýaşlar teatrynda geçirildi. Grim çalmak, artistçilik sapaklary we hünär ussatlygy boýunça okuw sapaklarynyň düzümine girizildi. Soňra bolsa Aýaz baba we onuň agtyklary Garpamyklar ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Olaryň çykyşlary örän owadan görnüşde bolup, hakyky gyş ertekisine, täsinliklerden doly wakalara öwrüldi

Şeýle görseň altyn we kümüş reňkde öwüsýän bezegler bilen bezelen ählisi ak lybaslardaky jübütler biiri-birine meňzeş ýaly görünse-de, her bir welaýatyň wekilleri öz lybaslarynyň nagyşlaryna gaýtalanmajak bölekleri salypdyrlar. Gök reňkdäki nagyşlar Balkan welaýatynyň Aýaz babalarynyň we Garpamyklaryň possunlaryny bezäpdir. Ahal welaýatynyň wekilleriniň lybaslarynda milli äheňler agdyklyk edýär, Daşoguz welaýatynyň wekilleri bolsa ak-kümüş, edil gar ýaly mymykdan-ak reňk ýaly bezegleri saýlap alypdyrlar.


Paýtagtyň teatrynyň sahnasynda olar çagalar üçin täze ýyl baýramçylyklarynyň çäreleriniň baş gahrymanlarynyň keşplerine dalaş etmek bilen, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Olar bilen Tilkijik, Towşanjyk, Böwenjik we ertekileriň beýleki gahrymanlary hem çykyş etdiler. Dürli görnüşlerde ýerine ýetirilen täze ýyl gutlaglary bolsa bäsleşigiň esasy ýerine ýetirmeli şerti boldy – gutlaglar goşgy, aýdym aýtmak ýa-da çeper proza arkaly ýerine ýetirildi. Çykyşlar tüýs ýürekden aýdylýan ajaýyp arzuwlar bilen tamamlandy.

Jübütler Mähri Annamyradowanyň we Ýagmyr Gurbannazarowyň çeper çykyşlary aýratyn gyzykly boldy. Olara we bäsleşigiň beýleki ýeňijilerine täze ýyl arçalarynyň yşyklandyryş dabaralarynda yşyklary ýakmak wezipesi garaşýar. Bu dabaraly pursat bolsa örän tiz wagtdan – 22-nji dekabrda ýurduň – “Älem” Medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany bezäp oturan ýurduň baş arçasynda, welaýatlaryň baş arçalarynda we Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, seýilgählerde we skwerlerde oturdylan bu ajaýyp arçalarda täze ýyl yşyklary şöhle saçar.