Şu gün Aşgabadyň etegindäki Kasamly jülgede Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen birnäçe ýörite işleriň barşynda alnan neşe serişdeleriniň uly tapgyryny ýok etmek boýunça nobatdaky çäre boldy. Türkmenistanyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek boýunça utgaşdyryjy topar we Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan bu çäre döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki döwrüň örän howply wehimleriniň birine garşy durmagy berk dowam edýändiginiň aýdyň tassyklanmasy boldy.
Halkara guramalarynyň, ýagny BMG-niň iri düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň /UNDOS/, ÝHHG-niň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri ölüm howply maddany ýok etmegiň şaýatlary, köpüsi bolsa oňa gönüden-göni gatnaşyjylar boldular.
Bu ýere ýygnananlara neşe maddalary görkezildi. Oňa gatnaşanlaryň her biri howply kontrabanda harydynyň daňysyny ýörite peçlere öz elleri bilen atdylar.
Daşary ýurtly çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu möhüm çäräniň ähmiýetini nygtap, onuň parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak işine Türkmenistanyň ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy, howpsuz ýagdaýy döretmek boýunça ählumumy tagalla täze anyk goşant boldy diýip nygtadylar. Bellenip geçilişi ýaly, dünýä bileleşigi Türkmenistanyň neşeleriň bikanun ýaýradylmagyna ygtybarly böwet goýmagy berk ýüregine düwýändigini hem-de bu ugurda anyk halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyny oňlaýar. Ýerlerdäki häkimiýet wekilleri, saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik we dini guramalar bilen ýakyn arkalaşykly hereket etmek arkaly Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň utgaşdyrylan hereketleriniň anyk netijeleri berýändigi hem nygtalyp geçildi. Hususan-da, neşeler bilen baglanyşykly jenaýatçylygyň derejesi, şeýle hem neşe serişdelerini ulanýan adamlaryň sany azalýandygy göze ilýär.
Türkmenistan neşelere, ýagny adamzadyň ählumumy wehimlerine garşy barlyşyksyz göreş alyp barmaga işjeň gatnaşýan ýurtlaryň biridir we bu babatda döwletleriň ençemesi üçin oňat görelde bolup biler. Häzirki günde öňüni alyş çäreleri jemgyýeti neşekeşlikden goramagyň, öňüni almagyň has netijeli serişdeleriniň biridir, eger bu meselelerde ilatyň habarlylygy we sowatlylygy berkidilse, has netijeli bolýar. Sebäbi onuň wehim salýan howpy we öňüni almagyň usullary hakynda habarly adamlar köp boldugyça, ahyr netijede tutuş jemgyýetimiz hem bu nägehandan goragly bolar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty netijesinde Türkmenistanda sebitleýin we milli taslamalaryň hem-de BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, Ýewropa Bileleşiginiň maksatnamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär, käbir ýurtlaryň hökümetleriniň gatnaşmagy bilen neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmaga, neşe maddalaryny ýüze çykarmak maksady bilen serhetdäki gözegçiligi güýçlendirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar.
Bu çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa giň möçberli wehime garşy durmak babatda uly ähmiýeti bolan hem-de sebitde we bütin dünýäde howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen türkmen tarapynyň asylly başlangyjyna goşulmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.