Şu gün asylly däbe görä, ýetip gelýän Täze--2014-nji ýylyň öňüsyrasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirilip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Mälim bolşy ýaly, türkmenistanlylaryň ýaş nesli baradaky alada türkmen döwletiniň durmuş syýasatynyň möhüm jähetleriniň biri bolup durýar. Olaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, durmuşdaky dürli ýagdaýlar sebäpli ata-enesiniň hossarlygyndan we mährinden jyda düşen çagalaryň bilim almak, saglygyny goramak babatdaky hukuklaryny üpjün etmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Döwletliler köşgünde we ýurdumyzyň welaýatlarynda hossarsyz çagalar üçin niýetlenen öýlerde olaryň hemme taraplaýyn ösüşi, şol sanda döwrebap bilim almagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, öz zehinini ýüze çykarmagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Degişli çagalar edaralarynyň uçurymlaryna hossarlyk edilmegini amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanda esaslandyrylan Hossarsyz çagalaryň ýörite gaznasy döwletimiziň dürli ýagdaýlar sebäpli ata-enesinden jyda düşen ýaş raýatlary barada ýadawsyz alada edýändigini aýdyň görkezýän mysal bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda her bir çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek we goramak boýunça döwletiň kepillikleriniň toplumlaýyn ulgamynyň döredilmegine gönükdirilip, netijeli çäreler amala aşyrylýar. Şunda hossarsyz çagalaryň durmuş ulgamyna göwnejaý goşulyşmagyna, olaryň özbaşdak durmuşa taýynlykly bolmagyna, olarda jemgyýetde möhüm ähmiýetli we döredijilikli işjeňliginiň ösdürilmegine, belent ahlak ýörelgeleriniň, watansöýüjiligiň we raýatlylygyň terbiýelenip ýetişdirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda çagalaryň özlerini goralýandygyny we jemgyýet üçin gereklidigini duýmagy üçin olara şatlygyň paýlanmagynyň we arzyly islegleriniň berjaý edilmeginiň möhümdigini belleýär. Milli Liderimiz ertirki günüň häzirki wagtda çagalara degişli meselelere neneňsi garaýşymyza baglydygyny belleýär, çünki çagalar biziň geljegimizdir, olaryň geljekde neneňsi adam bolup ýetişjekdigi we ýurdumyzyň ösüşine nähili goşant goşjakdygy çagalar barada mähirli alada edýän we olary dogry terbiýeleýän adamlara baglydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Döwletliler köşgünde we hossarsyz çagalaryň öýlerinde terbiýelenýänler abraýly döredijilik bäsleşiklerine we halkara festiwallaryna işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlaryň aglabasy ýurdumyzda guralýän gözden geçirilişlerde baýrakly orunlara mynasyp bolýar.
Zalda Täze ýyl baýramçylygyna mahsus görnüşde bezelen owadan arçanyň ýanynda geçirilen konsert bu günki baýramçylyk çäresiniň täsirliligini has-da artdyrdy. Tanymal aýdymçylar, teatrlaryň toparlary we ertekiler gahrymanlary çagalaryň ýanyna myhmançylyga geldiler. Döwletler köşgünde terbiýelenýänler myhmanlara köpugurly zehinini äşgär edip, özleriniň döreden goşgularyny okadylar, aýdym aýtdylar, tans etdiler. Aýazbaba we Garpamyk çagalara sowgatlary gowşurdylar.
Dabaranyň ahyrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp sowgatlar we bagtyýar, parahat durmuş üçin çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimize ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden iň oňat we ýakymly arzuwlaryny beýan etdiler.