Ï Ýurdumyzyň sebitlerinde baýramçylygyň öň ýanynda täze desgalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň sebitlerinde baýramçylygyň öň ýanynda täze desgalaryň açylyş dabaralary

view-icon 789
Şu gün Baharly etrabynyň Bamy obasynda geçirilen täze Medeniýet öýüniň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi. Baýramçylyga mahsus bezelen täze desganyň öňündäki meýdançada welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpsanly oba ýaşaýjylary ýygnandylar.

Etrabyň döredijilik toparlary gyzykly aýdym-sazly çykyşlary taýýarlapdyrlar, olaryň ýerine ýetirmeginde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Dabarada çykyş edenler türkmen jemgyýetiniň sazlaşykly ösmegi üçin edýän hemişelik aladalary, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda geçirilýän ägirt uly özgertmeleri, mähriban halkymyzyň ruhy baýlygyny we medeni mirasyny ösdürmäge berilýän aýratyn üns üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Täze bina özboluşly binagärlik görnüşinde gurlup, medeniýet desgalaryna bildirilýän häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Mundan beýläk obanyň durmuşynda bolup geçýän ähli medeni çäreler 200 tomaşaça niýetlenen ajaýyp konsert zalynda guralar. Iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan sahna we häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy dürli çäreleri ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berer. Medeniýet öýünde höwesjeň döredijilik işgärleriniň çykyşlara taýýarlyk görmekleri üçin ýörite studiýalar, ses ýazgy edilýän studiýa we beýlekiler göz öňünde tutulandyr.

Obanyň täze döredijilik merkezinde gyzyklanmalar boýunça gurnaklar we ýöriteleşdirilen okuw otaglary hereket eder. Binanyň kompýuter merkezi, kitaphana we okalga zaly, horeografiýa we hor sungaty, suratkeşlik we teatr ussatlygy, milli gurallarda saz çalmagy öwrenmek, tikinçilik işi boýunça otaglar Ýewropanyň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem binada uly bolmadyk kafeteriý ýerleşýär.

Dabara gatnaşyjylar Medeniýet öýünde ýerleşdirilen özboluşly muzeý bilen gyzyklanma bildirip tanyşdylar, onda obanyň taryhy, gyzykly künjekleri hakynda gürrüň berýän zatlar görkedilýär.

Medeniýet öýüniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, göwnejaý yşyklandyrylypdyr. Dabaranyň barşynda hususy gurluşyk kärhanasynyň has tapawutlanan işgärlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

* * *

Şu gün Gumdag şäherinde täze sport mekdebi öz gapylaryny giňden açdy, onuň ulanmaga bermek dabarasy täze ýylyň öň ýanyndaky baýramçylyk çärelerine gabatlanyp geçirildi.

Açylyş dabarasyna gatnaşyn welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, okuwçy ýaşlar, köpsanly türgenler, hormatly ýaşulular öz çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, ýurdumyzda sportuň kuwwatly maddy binýadyny döretmäge berýän aýratyn aladasy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Gumdagyň sport bilen meşgullanýan köpsanly ýaşlary üçin hususy gurluşyk kärhanasy tarapyndan bina edilen täze mekdep beden taýdan kämilleşmegiň, türgenleri taýýarlamagyň ýene-de bir merkezine öwrüler. Täze binanyň we ýanaşyk ýerleriň amatly taslamasy onuň sport abzallary, türgenleşik enjamlary bilen aňrybaşy derejede üpjün edilmegi bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça şol bir wagtyň özünde türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berer. Mekdebiň içindäki zallardan başga-da onuň abadanlaşdyrylan çäklerinde açyk sport meýdançalarynyň birnäçesi gurnaldy. Täze binada türgenler üçin, tälimçiler we eminler üçin hem ähli zerur şertler döredilipdir we bu ýerde lukmançylyk hem-de suwa düşülýän otaglar göz öňünde tutulypdyr.

Täze binalar toplumy şäheriň nobatdaky binagärlik bezegine öwrüldi. Açylyş dabarasynyň barşynda türgenleriň görkezme çykyşlary boldy. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary we iň tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlaryň gowşurylmagy bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

* * *

Şu gün Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň “Adalat” geňeşliginde 350 orunlyk täze sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.

Oba ýerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilen täze sport mekdebi bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak we onuň häzirki zaman düzümlerini giňeltmek meselesine diňe bir ýokary netijeli sporty ösdürmek üçin binýatlyk esas hökmünde däl-de, eýsem berk bedenli täze nesli kemala getirmek üçin oňyn şertleriň döredilýändiginiň, jemgyýetde işjeň durmuş ýörelgesiniň ugurlarynyň we sagdyn endikleriň kemala gelýändiginiň subutnamasydyr. Özboluşly taslamanyň we zerur bolan sport gurallary bilen enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary bolmagy netijesinde täze bina ýaşlaryň boş wagtyny peýdaly geçirýän merkezine öwrüler.

Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, türgenler toparlary, çeper höwesjeň işgärleri gatnaşdylar. Ýerli hususy kärhananyň has tapawutlanan gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda sporty ösdürmäge we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýändigini bellediler. Ýurdumyzyň ähli etraplarynda, şäherlerinde we welaýatlarynda häzirki zaman sport desgalary bina edildi we olar üstünlikli işleýär. Olaryň hatarynda ýöriteleşdirilen sport mekdepleri hem bar.

Ulanmaga tabşyrylan häzirki täze binanyň gurluşygynda häzirki zaman gurluşyk harytlary we tehnologiýalary giňden ulanyldy. Tomaşaçy münberleri hem ýerleşdirilen uly zallaryň üçüsiniň sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikler we ýaryşlar geçirilende, bäsleşikleriň görnüşlerine laýyklykda olary üýtgedip bolýandygy täze desgany köpugurly sport toplumy hökmünde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde kiçi futbol, basketbol, gandbol, woleýbol, gündogar başa-baş göreşleri, boks, agyr atletika we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirip, dürli türgenleşik enjamlarynda sagaldyş maşklaryny ýerine ýetirip, saglygyňy berkidip bolar. Sport ýaryşlaryny geçirmek üçin eminleriň otaglary, lukmançylyk nokady, egin-eşik çalşyrylýan otaglar we beýleki esasy we kömekçi jaýlar ýerleşdirilipdir. Durmuş üpjünçiliginiň özbaşdak işleýän ulgamlary täze binanyň bökdençsiz işlemegini üpjün eder. Mekdebiň abadanlaşdyrylan çäklerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen meýdançalar, şol sanda ylgaw ýodajyklary bolan futbol meýdançasy ýerleşýär.

Häzirki ulanmaga berlen täze sport mekdebiniň soňky ýyllarda etrapda bina edilen ýöriteleşdirilen sport desgalaryň üçünjisidigini belläp geçmek ýerlikli bolardy. Ozal bu ýerde her biri bir ýarym müň tomaşaçy orunlyk stadionly iri sport toplumlarynyň ikisi ulanmaga berlipdi.

* * *

Garaşsyzlyk etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň Kaksaçan obasynyň çagalary ajaýyp täze ýyl sowgadyny aldylar, bu ýerde täze çagalar bagyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Özboluşly binagärlik görnüşinde ýerli hususy kärhananyň tejribeli gurluşykçylary tarapyndan bina edilen häzirki zaman çagalar şäherjigi ýurdumyzda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryna bildirilýän iň ýokary talaplara laýyk gelýär. Onda göwnejaý dynç almak, beden taýdan ösmek, ýaşajyk nesliň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.

Iki gatly binanyň otaglarynda körpeler wagtlaryny gyzykly geçirip bilerler. Ýatylýan we oýun oýnalýan otaglar häzirki zaman mebeli bilen üpjün edilendir, körpeleriň ygtyýarynda oýnawaçlaryň dürli görnüşleri, sport we saz öwrenmek üçin abzallaşdyrylan zallar bolar. Zähmet endikleri öwredilýän otagda körpeler surat çekerler, dürli şekilleri ýasamagy öwrenerler. Oňat enjamlaşdyrylan aşhanaly naharhana, lukmançylyk nokady çagalara hyzmat eder.

Bilim we terbiýe bermek işlerine häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanylan bilim özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu jähetden 90 körpä niýetlenilen täze çagalar bagynda ýaşajyk nesliň döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin ähli zerur şertler, şol sanda häzirki zaman kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan lingafon otaglary hem bar. Çagalar merkeziniň abadanlaşdyrylan çäklerinde oýun oýnalýan meýdançalar, hiňňillikler gurnalyp, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri ýerleşdirilipdir.

Täze binanyň açylyş dabarasy ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar bilen utgaşyp gitdi. Dabaralara Täze ýyl baýramçylygyna kybapdaş bezenen çagalaryň hem gatnaşmagy bu şanly waka has hem ýatda galyjy öwüşgin çaýdy. Çagalar bagynyň öňündäki bezemen arçanyň ýanynda körpeleri Aýyzbaba we Garpamyk garşylap, olara täze ýyl sowgatlaryny gowşurdylar.

Açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köpsanly oba ýaşaýjylary gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalaryň sazlaşykly ösmekleri üçin zerur şertleriň döredilmeginiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, döwlet Baştutanymyza halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky yzygiderli aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Dabarada obanyň çagalar bagynyň gurluşygynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.