Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyň barşynda bilim ministriniň we welaýat häkimleriniň okuw-terbiýeçilik edaralarynda baýramçylyk çärelerini guramaga, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşy möwsümine taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň barşy baradaky hasabatlaryny diňläp, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşy aýdyň we ýatda galyjy wakalara baý bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek, şeýle hem çagalara täze ýyl sowgatlaryny gowşurmak barada tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz öňde boljak ähli dabaralaryň gyzykly, peýdaly bolmak bilen ýokary ruhubelentlik ýagdaýyny döretmelidigini belledi.
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada mekdep okuwçylaryny Türkmenistanyň örän ajaýyp künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesine ugratmak dabarasy geçirildi. Çagalar ol ýerde gyşky dynç alyş möwsümini geçirerler. Tebigatyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän bu meşhur dynç alyş we sagaldyş merkezine ugratmak dabarasynda Çagalar we ýetginjekler köşgünde tälim alýan ýaşlar ýörite aýdym-sazly maksatnama taýýarlapdyrlar. Aýazbaba we Garpamyk bu çykyşlaryň esasy gahrymanlary boldular, olar çagalaryň söýgüli ertekileriniň beýleki gahrymanlary bilen ajaýyp arçanyň daşynda aýlanyp aýdym aýtdylar.
Çagalary örän gyzykly we peýdaly dynç alşa ugratmak dabarasynyň barşynda joşgunly aýdymlar, tanslar ýerine ýetirildi, uly bolmadyk sahna çykyşlary görkezildi. Gyşky dynç alşa barýan çagalaryň hatara goýlan awtobuslarda ugramaklary bilen bu dabara tamamlandy.
Gökderäniň ähli sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalary Aýazbabanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan çykyşlar bilen mähirli garşy aldylar.
Çagalaryň bu ýere gelen gününden başlap, Täze ýyl baýramçylyk çäreleri guraldy we şeýle çäreler gyşky dynç alşyň galan günleri hem dowam etdiriler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde habar berişleri ýaly,Gökderede dynç alýan çagalar üçin ýörite Täze ýyl baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy düzülipdir. Ol owadan arçanyň ýanynda guraljak çykyşlary, dürli aň-paýhas bäsleşiklerini, gyzykly oýunlary öz içine alýar. Olarda tapawutlananlara ýörite baýraklar gowşurylar. Şol maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň belli aýdym-saz toparlary hem çykyş ederler.
Çagalaryň gyşky dynç alşynyň barşynda, iň gowy Täze ýyl lybasyny taýýarlamak, Aýazbabanyň we Garpamygyň sahna keşbini döretmek, surat çekmek boýunça bäsleşikler hem geçiriler. Bu döredijilik bäsleşikleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýakyn hyzmatdaşlykda bilelikde taýýarlanyldy. Şeýle hem sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” romany boýunça edebi okaýyşlar guralar hem-de kiçijik sahna oýunlary goýlar.
Gökderede gyşky dynç alşyň maksatnamasyna Aşgabat boýunça gezelençler, paýtagtymyzyň ajaýyp ýerlerine – Milli janly tebigat muzeýine, “Älem” we “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkezlerine baryp görmek hem girizildi. Döwlet sirkiniň we Döwlet gurjak teatrynyň artistleri çagalar üçin ýörite Täze ýyl maksatnamalaryny we sahna oýunlaryny taýýarladylar.
Täze ýyl baýramçylygy dabaralaryndan beýleki çäreler hem çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümine aýratyn öwüşgin çaýar. Ähli çagalar dynç alyş merkezlerinde ýörite okuw-oýun we bäsleşik çäreleri guralar. Bu çäreler çagalaryň üç dili – türkmen, iňlis we rus dillerini has kämil özleşdirmeklerine gönükdiriler. Sport baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt hem-de şaşka, düzzüm we beýleki oýunlar boýunça ýaryşlar geçiriler.
Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde hem çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmekleri üçin degişli çäreler geçiriler. Türkmenistanda 2013-nji ýylyň 11 aýynda öň bar bolan çagalar sagaldyş merkezlerinden başga-da şeýle binalaryň ýene-de 7-si ulanmaga berildi. Şeýlelikde, çagalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp Täze ýyl sowgatlaryny hem goşurmak bilen ýurudmyzyň dürli künjeklerinde Täze ýyl dabaralary dowam edýär.