Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen ýurduň Bilim ministrliginiň bileleikde guramaklarynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde maslahat geçirildi. Maslahata Demokratyň partiýadan milli parlamente saýlanan deputatlar, paýtagtyň partiýa komitetleriniň we ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çagyrylan hökmünde gatnaşdylar. Gün tertibine ýurduň Prezidentiniň şu ýyl üçin öňde goýan wezipelerini amala aşyrmak boýunça partiýa guramalarynyň işleri girizildi.
Milli maksatnamalarda jemgyýetiň we döwletiň ähli ugurlaryndaky amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz etmek we düşüdiriş işlerini geçirmek boýunça partiýa guramalarynyň işi barada giňişleýin gürrüň edildi. Biziň ýurdumyz esasy makroykdysady görkezijiler boýunça öňbaryjy orunlara çykdy. Çykyşlarda bellenişi ýaly, bu durmuş meseleleriniň çözmekligini üpjün edýän maddy binýat bolup hyzmat edýär. Şunlukda çykyş edenler özleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlsisnde getirilen sanlary we maglumatlary giňden ulandylar.Türkmen döwleti, hemişe bolşy ýaly, ilatyň elektrik energiýasyndan, gazdan, suwdan, nahar duzundan we beýleki jemagat hyzmatlarynyň birnäçe görnüşlerinden mugtuna peýdalanmagynyň saklanyp galýandygyna aýratyn üns berildi. 2013-nji ýylda durmuş ulgamynyň ösdürilmegine býujet serişdeleriniň 77,3 göterimi göýberildi.
Maslahata gatnaşyjylar milli parlamentiň we Ministrler Kabinetiniň bolup geçen mejlisleriniň resminamalaryny wagyz etmek we düşündiriş işlerini giňden geçirmk boýunça partiýa guramalarynyň wezipelerini kesgitlemek bilen, Demokratik partiýanyň toplan tejribesini, şeýle hem ilat bilen işleşmegiň täze usullaryny ulanmak bilen, bu işiň ynamly we aýdyň alnyp barylmalydygyny nygtadylar.