Aşagabtda gurulýan Ýadygärlikler toplumynyň edilmeli işleriniň 75 göterimi ýerine ýetirildi. Bekrewe köçesiniň ugrunda örän uly meýdanda gurulýan bu Ýadigärlikler toplumynyň guluşygyna 2012-nji ýylyň güýzünde badalga berildi.
Bu Ýadygärlikler toplumy 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan türkmenistanlylaryň, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökdepe söweşinde Watanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin janyny gaýgyrmadyk gahrymanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýyly 6-njy oktýabrynda bolup geçen aýlyganç ýer titremesi zerarly pida bolanlara baky hormat goýamaga niýetlenendir. Degişlilikde, bu ýeriniň esasy meýdançasynda üç sany beýik ýadigärlik binasy galdyrykar, olaryň gurşawynda Baky ot esasy orny eýelär. Türkmen halkynda gadymdan bäri bolçulygyň, parahatçylygyň we rahatçylygyň nyşany hasaplanýan Baky ot Oguzhan ýyldyzynyň merkezinde ýakylar.
Ýadygärlik toplumynyň golaýynda milli muzeýiň binasy gurulýar. Onda milli taryhyň ýadigärliklerini we pajygaly wakalaryny beýan edýän eksponatlar ýygyndysy görkeziler. Baş meýdançadaky flagştoklarda agzybirligi we halkyň garaşsyzlygyny, döwletiň bitarplygyny alamatlandyrýan türkmen baýdaklary buýsançly parlarlar.
Şu ýylyň başyndan bäri bu ýerde bina edilen binalary bezemek üçin bezeg we gurnama işleri alnyp barylýar. Olaryň bezegi we interýeri milli özboluşlyk bilen tapawutlanmalydyr, desganyň ähmiýetine görä gabat gelmelidir. Bu beýik Ýadygärlikler toplumynyň bezeg işlerine ýetrlik wagtyň gerekdigi sebäpli, bu ýerde gurluşyk işleri eýýäm geçen ýylyň dekabr aýynda tamamlandy.
Giň alleýaly we çylşyrymly suw çüwdürimler toplumy ajaýyp bag-seýilgäh zolagy bu ýeriniň görküniň üstüni ýetirer. Baş meýdançadan seýilgäh zolagyna bäş sany uly basgançak alyp barar. Olaryň her birini milli haly gölleri bezär. Häzirki günlerde yşyklandyryş ulgamyny gurnama we seýilgäh zolagyna bag ekmek işleri alnyp abrylýar. Gök zolakdaky suw çüwdürimlerini granit we kafel plitkajyklary bilen örtüler, şeýle hem olary bu ýere gelýänleriň dynç almaklary üçin niýetlenen nepis telärler we çagalar oýnar ýaly meýdançalar bezär.
Umumylykda Ýadygärlikler toplumynyň uzynlygy 800 metr, ini 400 metr bolar we umumy tutýan meýdany 50 gektar meýdany eýelär. Bu toplumyň taslamasyny düzen we gurluşyny türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy alyp barýar. Bu ýerde alnyp barylýan işlere “Aşgabatgurluşyk” önümçilik birleşigi hem gatnaşýar. Ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, Ýadigärlikler toplumynyň ägirt uly gurluşyk işlerini 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Desganyň daş-töweregine eýýäm halkalaýyn awtoulag ýoly çekildi. Onuň ugrunda 250, 375, 125 orunlyk ulag goýulýan üç sany awtoulag goýulýan meýdança bolar. Awtoulag goýulýan ýerleriň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp abrylýar. Ýadygärlik toplumynyň töwereginde awtobus duralgalary gurular. Şeýle hem bu ýerde dört sany ýerasty geçelge gurlar. Ýadygärlik toplumynyň desgalaryna hyzmat etmek üçin suw üpjünçilik tory, howa-barlag ulgamy we ýangyna garşy göreş, transformator podstansiýalry gurular.