Ï “Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy

view-icon 967
Ýakynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda döredilen “Syýasat we jemgyýet” ylmy-nazaryýet žurnalynyň 1-nji sany çap edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwi tarapyndan taýýarlanylan täze neşiriň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän wakalara düýpli seljeriş berip, olary hemmetaraplaýyn şöhlelendirmekden ybaratdyr.

Žurnalyň ilkinji sany türkmen döwletiniň Baştutanynyň täze neşiriň işgärlerine we okyjylaryna Ýüzlenmesi bilen açylýar. Onda şeýle diýilýär: “Eziz Watanymyzyň ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýan häzirki döwründe ähli adamlaryň syýasy bilimlerden oňat baş çykarmagy örän möhümdir. Sebäbi syýasat jemgyýetimiziň bütin durmuşynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär, şoňa görä-de, her bir ynsanyň ykbaly onuň bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde – täze taryhy eýýamda syýasy ylym öňümizde duran wezipeleri, il-ýurt bähbitli beýik işleri durmuşa çalt ornaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär”.

Milli Liderimiz şeýle hem täze žurnalyň giň okyjylar köpçüligini demokratik, hukuk, dünýewi türkmen döwletiniň ideologiýa we syýasy esaslary, ykdysadyýetimizi özgertmek, innowasiýa we ylma ugrukdyrylan önümçiligi döretmek, ruhy-medeni we durmuş-ýaşaýyş ulgamlaryny ösdürmek, türkmen halkynyň aň-düşünjesini we watançylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan iri möçberli işler bilen tanyşdyrjakdygyna pugta ynanýandygyny nygtaýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň 24-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda täze neşiriň ähmiýetini nygtamak bilen, bu žurnalyň sahypalarynda türkmen jemgyýetinde bolup geçýän oňyn özgertmeleriň, düýpli we iri möçberli depginli özgerişlikleriň döwletimiziň alyp barýan abadançylyga we ynsanperwerlige gönükdirilen syýasatynyň öz mynasyp beýanyny tapmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerinden we maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwiniň işgärleri täze neşirde jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň ösüşine uly täsir edýän ýagdaýlary seljermäge, olaryň maksadyny açyp görkezmäge çalyşýarlar.

Žurnalyň ilkinji sanynynda makalalar 9 bölüme bölünipdir we jemgyýetçilik durmuşynyň köp ugruny öz içine alýar. Täze neşirde Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwiniň işini kadalaşdyrýan resminamalar bilen bir hatarda, ylmy-nazaryýet, syn beriş-seljeriş we düşündiriş-maglumat häsiýetindäki makalalar ýerleşdirilipdir. Olary belli alymlar, žurnalistler, şeýle hem ýaş alymlar ýazypdyr.

“Halkyň ruhlandyryjysy, guramaçysy we ýolbaşçysy” atly giriş makalasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ideologiýasynyň we syýasatynyň düýp manysy açylyp görkezilýär, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan we durmuşa geçirilýän demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeler häsiýetlendirilýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň gysga döwrüň içinde öz ösüşinde sebitde diňe parahatçylyk dörediji bolman, eýsem, goşulyşmak hereketiniň hem merkezine öwrülýär we döwletimiziň ösüş tejribesini dünýäniň öňdebaryjy syýasatşynaslary, halkara maliýe edaralary öwrenýärler. Sebäbi Türkmenistan öz içeki, şeýle hem daşary syýasatynda sebit we ählumumy ähmiýeti bolan taglymlary dörediji bolup çykyş edýär. Bu bolsa biziň ýurdumyzda bolup geçýän jemgyýetçilik-syýasy wakalara dünýä bileleşiginiň ünsüni barha köp çekýär.

Şu jähetden “Täze taryhy döwrüň durmuş-filosofik esaslary” atly makala uly gyzyklanma döredýär. 2012-nji ýylda badalga berlen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hakynda aýtmak bilen, makalada bu milli jemgyýetçilik ýokary göterilişine, onuň konseptual we filosofik esaslaryna, döwletiň mundan beýläk-de ösüş mümkinçiliklerine, jemgyýetiň we ynsanyň XXI asyrdaky ruhy-ahlak garaýyşlaryna baha bermegiň zerurdygy bellenilýär.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösüşine, Türkmenistanyň zenanlarynyň syýasy medeiýetiniň aýratynlyklaryna, milli aň ýetirişiň ösüşine, türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak taýdan täzelenmegine bagyşlanan makalalar hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Şeýle hem žurnalyň bu sanynda çap edilen makalalaryň arasynda döwlet Baştutanymyzyň ylmy-tehniki syýasatyna, durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasyna, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň kemala gelmegine bagyşlanan makalalary belläp geçmek bolar.

“Döwlet adam üçindir!” atly bölümde çap edilen makalalarda durmuş syýasatynyň hukuk binýadyny giňeltmäge, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, häzirki zaman türkmen obasynyň keşbiniň düýpli özgermegine degişli meseleler barada gürrüň berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan daşary syýasatynda häzirki döwrüň örän möhüm meselelerini çözmekde hil taýdan täze çemeleşmeleri görkezýär, giň halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet hökmünde mynasyp orna eýe bolýar. Milli Liderimiziň azyk, energetika, ekologiýa, durmuş-syýasy, maliýe, harby-tehniki, ylmy-tehnologiki, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilik başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yglan eden ÖSÜŞ ARKALY - PARAHATÇYLYK atly şygarynda jemlenendir.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz dünýäniň geosyýasy kartasynyň tiz özgerýän, sebit we ählumumy wakalaryň gidişine we mazmunyna garaýyşlaryň üýtgeýän şertlerinde “öňüni alyş diplomatiýasy örän möhüm, käbir ýagdaýlarda bolsa gapma-garşylyklaryň öňüni almak, jedelli meseleleri öz wagtynda gepleşikleri geçirmäge gönükdirmekde aýgytlaýjy şert hökmünde çykyş edýär” diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, žurnalda çap edilen makalalaryň biri 2007-nji ýylda Aşgabatda döredilen Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň işine bagyşlanypdyr. Makalada BMG-niň bu düzüminiň uly goşandyna mynasyp baha berilýär we bu Merkez tarapyndan ulanylýan syýasy-diplomatik gurallar Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy, asudalygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalary jebisleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Täze neşiriň okyjylary XXI asyrda Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilişi baradaky syn beriş makalalary bilen hem tanşyp bilerler.

Türkmen we rus dillerinde ýokary ussatlyk derejesinde çapa taýýarlanylan makalalar “Syýasat we jemgyýet” atly täze žurnalyň ilkinji sanynyň biziň ýurdumyzda hem, daşary ýurtlarda hem giň okyjylar köpçüliginiň gyzyklanmasyna eýe bolar diýip tassyklamaga esas döredýär.