Ï Lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy – durmuş taýdan goraglylygyň esasydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy – durmuş taýdan goraglylygyň esasydyr

view-icon 1999
Meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy, döwlet durmuş syýasaty hökmünde, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmasynyň 1996-njy ýylda hemme ýerde girizilmegi ilata lukmançylyk kömeginiň berilmeginde we durmaş taýdan goraglylylygyny gowlandyrmak ýolunda möhüm ädim boldy.

Saglyk öýleriniň işgärleri bu saglygy goraýyş edaralarrynyň hyzmat edýän çäklerinde ýerleşýän kärhanalaryň we guramalaryň ählisinde meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrmasynyň artykmaçlyklaryny düşündirmek boýunça yzygiderli duşuşyklary geçirýärler. Mundan hem başga, bu iş ýöriteleşdirilen orta okuw jaýlarynda geçirilýär. Döwlet lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy bilen şertnama baglaşmaga isleg bildirýänleriň sanynyň barha artmagy şular ýaly düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň jemi bolup durýar.


Ätiýaçlyk tölegleriniň işleýän raýatlaryň we işleýän pensionerleriň aýlyk haklarynyň, talyp haklarynyň ýa-da işlemeýän pensionerleriň pensiýalarynyň, maýyplara döwlet kömek pullarynyň 2% düzýändigini ýatlap geçeliň. Işlemeýän raýatlar iň az aýlyk hakynyň möçberiniň 2% töleýärler.

Döwlet lukmançylyk ätiýaçlandyryşyndan gowuşýan maliýe aerişdeleriniň ählisi türkmenistanlylary ýokary hilli derman serişdeleri, öňüni alyş serişdeleri we sanjymlar bilen üpjün etmäge, şeýle hem meýletin döwlet lukmançylyk ätiýaçlandyrmasynyň ätiýaçlandyryş borçlaryny üpjün etmäge gönükdirilýär.

Hususanda, ätiýaçlandyryş polisi derman serişdeleriniň we lukmançylyk ähmiýetli önümlerini olaryň umumy bahasyndan 90% ýeňillikli satyn almaga şert döredýär hem-de bejeriş-öňüni alyş edaralarynda edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerine 50% ýeňillikli almaga şert döredýär.

Mundan hem başga, ätiýaçlandyrylan raýatlaryň keselhanalarda planly stasionar bejerişi nobatsyz almaga, ýaşaýan ýerlerindäki saglyk öýünden maşgala lukmanyny saýlamaga, ýylyň dowamynda bir sapar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalrynda şypahana-dynç alyş bejerişiň bahasy tölenende 50% (degişli saglyk ňýüniň ýollanmasy görkezilen halatynda) ýeňillikden peýdalanmaga hukuklary bardyr. Ýeňillikli lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyndan ätiýaçlandyrylan ene-atasynyň eklenjinde ýaşaýan çagalaryň hem peýdalanmaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň raýatynyň meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyryş pasporty biziň ýurdumyzyň ähli künjeginde güýji bardyr.