Ï Türkmenistan – BMGÖM: saýlaw ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – BMGÖM: saýlaw ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 642
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda “Türkmenistanda saýlaw ulgamyny pugtalandyrmak” ady bilen geçirilen duşuşyk saýlaw ulgamynda halkara tejribesini alyşmagyň meselelerine bagyşlanyldy.

Mälim bolşy ýaly, bu ugurda halkara tejribesini milli saýlaw ulgamynda netijeli peýdalanmak we ornaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynyň öňýanynda halkara geňeşçileriiň gatnaşmagynda maslahatlaryň birnäçesi geçirildi.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisler jaýynda “tegelek stol” görnüşinde geçirilen şu gezekki duşuşyga saýlaw toparlarynyň agzalaryndan we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň diwanynyň işgärlerinden başga-da, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Ýygnananlaryň öňünde BMGÖM-niň halkara geňeşçisi hanym Renata Lapti çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek, uzakmöhletleýin esasda okatmagyň usulyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak meseleleri boýunça hemişelik hereket edýän okuw merkezini döretmäge ýardam bermek bu geňeşmeleriň möhüm wezipesidir.

Duşuşygyň barşynda usulyýet gollanmalaryny, saýlawlara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň meseleleri boýunça okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň ileri tutulýan esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi saýlaw topary bilen ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, iri jemgyýetçilik guramlarynyň, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýerli synçylaryň ähli derejelerdäki saýlawlara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň bilelikdäki toplanylan oňyn tejribesi “tegelek stoluň” başynda geçirilen duşuşygyň möhüm ugry boldy.

Saýlawlaryň öň ýanynda geçirilýän maglumat-düşündiriş çäreleriniň haklara tejribesini öwrenmäge aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, raýatlaryň, esasan hem okuwçy ýaşlary hem goşmak bilen ýaş nesliň saýlaw meseleleri boýunça hukuk düşünjelerini artdyrmak öňde goýlan wezipeleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistan bilen BMGÖM-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellemek bilen, maslahata gatnaşyjylar däbe öwrülen bilelikdäki işi mundan beýläk-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.