Ï Gerkez obasy myhmanlary garşy almaga taýýarlyk görýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gerkez obasy myhmanlary garşy almaga taýýarlyk görýär

view-icon 1116
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň obalarynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gerkezde – Magtymguly Pyragynyň doglan obasynda – ХVIII asyryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanyp ýadygärlik toplumyny gurmak baradaky kabul eden Buýrugyny uly buýsanç bilen kabul etdiler. Bu obada bu beýik şahyra bagyşlanyp her ýyl dabaralar geçirilýär. Häzir bolsa ýerli ýaşaýjylar şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygynyň baýram ediljek günlerinde bu ýere geljek myhmanlary garşy almaga taýýarlyk görýärler.

Magtymguly muzeýi Gerkez obasynyň gelşigi bolup durýar. Bu muzeýdäki eksponatlar şahyryň ýaşan döwrüni beýan edýärler. Ilkinji nobatda bu gadymy golýazma kitaplardan, şahyryň ýasan ýadigärlik we zergärçilik işlerinden, şahyryň ýasan şaý-sepleriniň daşary ýurtlardan getirilen işlerinden ybarat bolup durýar. Olar eksponatlaryň esasyny düzýärler hem-de bu ýere gelýän ildeşlerimizde we ýakyn we uzak ýurtlardan gelýän myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.


Beýik şahyryň ýubileý baýramçylygy belleniljek ýylynda bu ýere gelýän myhmanlaryň sany günsaýyn köpelýär. Daş töweregini bag-bakjalykdyr dag gözellikleri bezeýän myhmansöýer Gerkez obasy şahyryň “bu ýerde doganlyk – adat, dostluk - kanun” diýip aýdanlaryny tassyklamak bilen, myhmanlary hemişe düuz-çörek bilen garşy alýar.

Häzirki wagtda Gerlkez obasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp maý aýynda geçiriljek dabaralara ykjam taýýarlyk görülýär. Däp bolşy ýaly, tebigatyň bu ajaýyp künjeginde şygyrýet, halk döredijiligi baýramçylygy geçiriler. Magtymgulynyň döredijiliginiň köp sanly muşdaklary – ylmyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjylar, halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirijiler türkmen edebiýetynyň beýik nusgawy şahyrynyň watanynda bolarlar. Gerkez obasynda beýik şahyryň ölmez-ýitmez goşgulary ýene-de dürli dillerde ýaňlanar.