Ï Ýurdumyzyň welaýatlarynda binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň welaýatlarynda binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 812
Şu gün Sarahs etrabynyň “Alam” geňeşliginde döwrebap Saglyk merkeziniň açylyş dabarasy boldy, ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň nyşanyna öwrüldi.

Täze hassahananyň iki gat binasy häzirki zaman gurluşyk serişdelerini ulanmak bilen özboluşly binagärlik keşbinde guruldy. Saglyk merkeziniň binasynda näsaglar we işgärler üçin amatly şertler döredildi. Bu ýerde näsaglara lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleri--maslahat beriş we keselleri anyklaýyş hyzmatlary ediler. Merkezde rentgen, terapiýa, fizioterapiýa, hirurgiýa, stomatologiýa, ginekologiýa, UZI we EKG, maşgala lukmanlarynyň, çaga doguryş otaglary we gündizki stasionar bar. Saglyk merkeziniň ähli iş otaglary dünýäniň esasy lukmançylyk tehnikasyny öndürijilerden getirilen döwrebap enjamlar we abzallar bilen üpjün edilendir, munuň özi oba lukmanlaryna ilata lukmançylyk hyzmatyny häzirki zaman talaplarynyň derejesinde guramaga ýardam berer.

Hassahananyň binasynyň töweregindäki çäkler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi, bu ýerde ýaprakly we pürli ýaş agaç nahallary ekildi, özboluşly oturgyçlar hem-de yşyklandyryjylar oturdyldy.

Bu durmuş taýdan ähmiýetli desgany gurmak ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylar toparyna ynanyldy, onuň iň oňat hünärmenlerine açylyş dabarasynyň barşynda gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar—welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, obanyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary milletimiziň saglygy hakynda yzygiderli alada etmegiň, türkmenistanlylaryň durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary türkmen obasynyň ösüşine, düzümleriniň kämilleşdirilmegine we täzelenmegine kuwwatly itergi berýär.