Ï Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

view-icon 916
Şu gün paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanda saýlaw ulgamyny we işlerini pugtalandyrmak” atly bilelikdäki taslamanyň çälerinde geçirilen nobatdaky maslahat tamamlandy.

Onuň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda halkara geňeşçileri hökmünde hanym Natiýa Kaşakaşwili we jenap Pawel Kabaçenko saýlaw işlerinde habardarlylygy ýokarlandyrmak hem-de köp partiýalylyk şertlerinde saýlawlary geçirlmegiň kadalary boýunça daşary ýurt tejribesine syn bilen çykyş etdiler.

Interaktiw görnüşinde geçirilen maslahatyň barşynda, oňa gatnaşyjylar dünýä tejribesi bilen bir hatarda dürli derejelerdäki saýlawlary geçirmegiň milli tejribesini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda zenanlaryň deputatlyga dalaşgärler, milli synçylar we saýlaw toparlarynyň agzalary hökmünde gatnaşmaklaryny işjeňleşdirmek hem duşuşykda garalan meseleleriň biri boldy.