Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününiň döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanan “Parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň diplomatiýasy” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramlarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň mugallymlary we talyplary hem-de beýlekiler gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler, onda milli Liderimiz türkmen diplomatiýasynyň toplan oňyn tejribesiniň parahatçylygyň we howpsuzlygyň bar bolan binýadyny pugtalandyrmakda, sebit derejesinde hem, ählumumy derejede hem durnukly ösüşi üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli görnüşlerini amala aşyrmakda bitaraplyk ýörelgeleriniň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň bardygyny görkezjekdigine ynam bildirýärin diýip nygtady.
Mälim bolşy ýaly, bitaraplyk derejesi we milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän daşary syýasy başlangyçlar öz strategiýasyny dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden döwletimiziň abraýynyň artmagyna we pugtalanmagyna kuwwatly itergi berýär. BMG-niň Baş Assambleýasy we dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylan Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi we onuň esasyny düzýän oňyn ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynda we diplomatiýasynda anyk beýanyny tapýar hem-de sebitde we bütin dünýäde deňhukuklylyk, özara düşünişmek we hormat goýmak däplerine daýanýan netijeli halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde hem şu syýasytyň netijesinde ýurdumyz özüni ählumumy derejelerde geçirilen halkara işlerine möhüm strategiki gatnaşyjy hökmünde görkezip, halkara gatnaşyklar ulgamynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen ählumumy bähbitleriň we abadançylygyň bähbidine dostluk gatnaşyklaryny giňeltmek, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar diýip bellediler. Ýurdumyz ähli kabul edilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryny, şertnamalary we konwensiýalary ýerine ýetirmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny tutuşlygyna we gyşarnyksyz berjaý edýär, saldamly syýasy, ykdysady hem-de medeni mümkinçiliklerini doly derejede parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine gönükdirýär.
Çykyş edenleriň belleýşleri ýaly, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, tagallalary utgaşdyrmak we öňde goýlan ýokary sepgitlere ýetmek diplomatik işgärleriň işiniň kämilleşdirilmegini, şeýle hem ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady giňişlikdäki, ilkinji nobatda bolsa dünýä we sebit derejede ykdysadyýeti, energetika howpsuzlygyny, häzirki döwrüň wehimleriniň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyndaky eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Türkmen döwletiniň daşary syýasat doktrinasynyň esasy binýatlaýyn ýörelgeleri ählumumy we sebit derejedäki meseleleri diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge esaslanandyr we Ýer ýüzünde abadançylygy hem-de howpsuzlygy, ýurtlaryň we halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary üpjün etmäge, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna hem-de özara baýlaşmagyna gönükdirilendir diýip, maslahata gatnaşyjylar nygtadylar.
Çykyşlarda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň we maksatlarynyň ýokary orny, ýakyn ýyllar üçin anyk ugurlar we wezipeler bellenildi, olar bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen we halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek babatynda uly ähmiýete eýe bolan “Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat konsepsiýasynda” kesgitlenendir.
Çykyşlarda şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasy we köptaraply döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berildi. Türkmen döwleti ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere, baý taryha we medeniýete eýe bolmak bilen hem-de milli Liderimiziň kuwwatly syýasy erki netijesinde häzirki wagtda köptaraply hyzmatdaşlyga, şol sanda döwrüň möhüm ählumumy meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamakda esasy taraplaryň birine öwrülýär.
Maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn nygtaýşlary ýaly, Türkmenistan soňky ýyllarda durmuş-ykdysady ösüşiň dürli ugurlarynda, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda, bazar gatnaşyklary kemala getirmekde ep-esli ösüşleri gazandy, bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyna ýardam bermek bilen, türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginiň agzalary, ilkinji nobatda, sebitiň ýakyn ýurtlary hem-de goňşy döwletler, beýleki yklymlaryň gyzyklanma bildirýän taraplary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge oňyn täsir edýär.
Türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýayny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary üçin ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärleri we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň soňky ýyl talyplary degişli diplomlar bilen sylaglandylar.
Ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Halkara gatnaşyklary institutynyň baýramçylyk görnüşinde bezelen eýwanynda amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy, onda görkezilen muzeý gymmatlyklary Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalary tarapyndan berildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurdumyzda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guralan bu sergi dürli ýurtlaryň taryhy-medeni mirasyna özboluşly gysgaça hem-de täsirli syýahat boldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda milli Liderimize parasatly, çuňňur ylmy esasda alnyp barylýan daşary syýasy strategiýasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, türkmen diplomatlarynyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji syýasatyny, döwlet Baştutanymyzyň durnukly we howpsuz ählumumy ösüşe hem-de oňyn hyzmatdaşlyga gönükdirilen ugry mynasyp durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine hormatly Prezidentimizi ynandyrdylar.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt diplomatik işgärleriniň arasynda Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda geçirilen woleýbol boýunça ýaryş hem-de onuň ýeňijileriniň sylaglanmagy baýramçylyk maksatnamasynyň bir bölegi boldy. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda belli aýdymçylaryň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti guraldy.