Ï Innowasion stomatologiýa – üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Innowasion stomatologiýa – üns merkezinde

view-icon 982
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen maslahat stomatologiýanyň ösüşiniň hazirki zaman akymlaryna we innowasion tehnologiýalaryna bagyşlandy. Maslahata ýurduň ýokary lukmançylyk okuw mekdebiniň professorlary, mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň we welaýat saglygy goraýyş merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.


Maslahatyň işi iki ugur boýunça geçirildi. Birinji ugur “Stomatologiýanyň häzirki zaman meselelri” ady bilen geçirildi. Onda agyz boşlugynyň dürli kesellerini bejermekde we onuň öňini almakda ylmy gözlegleriň we toplanan iş tejribeleriniň jemlerine garalady. Bu meseleleri ýokary okuw mekdebiniň alymlary we muhallymlary, şeýle hem Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezleriniň we Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdirliginiň stomatologiýa merkeiniň hünärmenleri ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmen lukmanlary – stomatologlary dişleri bejermek we dikeltmek boýunça öz iş tejribelerinde iň häzirki zaman usullary we innowasion tehnologiýalary ulanýarlar. Hususanda, soňky ýyllarda implantologiýa stomatologiýa ýaly ugur güýçli ösüşe eýe bolddy.

Ikinji ugruň işine özleriniň ilkinji ylmy işleriniň jemleri bilen tanyşdyran Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplay, gatnaşdylar.

Bu günki gün Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça uly göwrümli işler alnyp barylýar, bu ugur boýunça döwlet maksatnamalary we beýleki maksatlaýyn taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar, pudagyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Ýurtda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak – bu geçirilýän işleriň esasy maksady bolup durýar

Stomatologiýanyň dünýä ösüş akymlary we ýokary halkara ülňüleri geçen ýylyň tomsunda işe başlan iň häzirki zaman Stomatologiýa merkeziniň döredilmeginiň esasynda ýatyr. Şeýle hem Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň düzüminde Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi döredildi.