“Awaza”Milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygyň ikinji tapgyry dowam etdirilýär. Gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň arasynda gurluşygy tamamlanyp barýan üç gatly söwda merkezi hem bardyr.
Söwda merkezi deňiz şypahanasynyň demirgazyk böleginde “Balkan”, “Lebap”, “Daşoguz” sagaldyş merkezleriniň we beýleki işleýän bejeriş-şypahana desgalarynyň golaýynda gurulýar. Onuň gurluşygy üçin 40 müň inedördül metr ýer bölünip berildi, onuň 6 müň inedördül metri töweregini binalar we gurluşlar, bag ekiljek meýdany 15 inedördül metr, ýol örtügi bolsa 19 müň inedördül metri eýelär.
Söwda merkeziniň binasy iki ýarym müň metre golaý meýdany eýeleýär. Ol “A” üç gatly we “B” ýokary üçekli ýaly iki bölekden ybaradyr. Birinji gatda aýakgap, mata, taýýar geýimler, sport egin-eşikleri, sowgatlyklar, ykjam telefonlar, kenarýaka we syýahatçylyk enjamlary, bižuteriýalar, parýumeriýa, zergärçilik, haly we beýleki önümler satylýan dükanlar ýerleşer. “A” bölegiň ýokarky gatlarynda bolsa 160 orunlyk restoran, barlar, kafe, internet-kafe, bilýard otagy, stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin meýdança we çagalar üçin oýun zaly ýerleşer.
Üç gatly bölegiň merkezi portaly Awazanyň kenaryndaky ulag ýoluna bakýar. Söwda merkeziniň bu tarapynda binanyň daşyny mermer bilen örtmek we binanyň öň tarapyny aýnalamak işleri alnyp barylýar. Binanyň içinde üçeginiň belentligi 16 metr bolan giň eýwany abadanlaşdyrmak işleri geçirilýär. Tebigy ýagtylandyryş we howany çalyşmak üçin açylyp-ýapylýan aýnaly gümmez onuň potolgy bolup hyzmat edýär
Liftler oturdyldy, golaý wagtda eskalatorlary ýygnama işlerine başlanar. Eýwan göni geçilýän geçelge bilen “B” bir gatly – söwda merkeziniň supermarketi bilen birigýär. Beýikligi alty ýarym metr bolan bütewi zal sözüň doly manysynda üsti ýapyk gündogar bazary bolar. Bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalary boýunça miwe, gök önümleriniň, bakja ekinleriniň, süýji-köke önümleriniň, gastronom we kulinariýa önümleriniň söwdasy guralar.
Söwda merkeziniň golaýyndaky çäklerde üsti ýapyk ulag duralgasy ýerleşer. “Gök guşagyň” we bölek ýerlerini bölmek işleri alnyp barylýar. Bu ýerlerde dynç almak üçin telärler, çagalar oýun meýdançasy, hiňňilikler, elektromobilli çagalar awtodromy gurlar.