Ï Ekologiýa boýunça seminar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa boýunça seminar

view-icon 801
Şu gün paýtagtymyzyň “Grand-Türkmen” myhmanhanasynda daşky gurşawyň baýlyklaryny goramakda, baýlaşdyrmakda ýurdumyzyň oňyn tejribesine we Orhus ekologiýa konwensiýasy babatda bu ulgamda geljegi uly wezipelere bagyşlanylan okuw maslahaty boldy.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň /ÝHHG/ bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralan okuw maslahatyna birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, tebigaty goraýyş guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň we BMG ÖM-niň wekilleri gaitnaşdylar.

Hünärmenleriň çykyşlarynda nygtalyp geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän ekologiýa aýawly çemeleşmek syýasaty Türkmenistanda geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerde ileri tutulýan talap bolup durýar. Ýurdumyz milli tebigaty goramak strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen bu ulgamda iri halkara guramalary bilen, şol sanda ÝHHG we BMG bilen işjeň gatnaşyk edýär. Umumylykda kabul edilen halkara ekologiýa kadalaryny tebigaty rejeli peýdalanmagy, ilatymyzyň saglygyny goramagy maksat edinýän milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýyl ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirmek bellenilýän çärelere degişli karara gol çekilmegi hem munuň nobatdaky aýdyň mysaly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz mejlisde kabul edilen resminama laýyklykda 2014-nji ýylda ministrliklere, pudaklaýyn edaralara we häkimliklere paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde we welaýatlarda ýaprakly, pürli we miweli agaçlaryň nahallarynyň, şeýle hem üzüm nahallarynyň üç millionyny oturtmagy guramagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda uly möçberli bagy-bossanlyga öwürmek işiniň täze tapgyryny açýan Karara gol çekip, ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan toplumlaýyn bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň Watanymyzy gülläp ösýän ülkä öwürjekdigini, daşky gurşawy goramak, türkmenistanlylaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda wezipeleri çözmäge ýardam etjekdigini ngytady.

Häzirki okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Aşgabatda işleýän Orhus merkezi Konwensiýanyň esasy düzgünleriniň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine, jemgyýetçilik guramalaryny ekologiýa wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga çekmäge ýardam eder. Şu maksatlar bilen, merkeziň hünärmenleri tarapyndan ekologiýa babatda, şol sanda elektron göterijilerde hukuk taýdan üpjün etmegiň maglumatlar gaznasy döredilýär, daşky gurşawy goramak we tebigatdan peýdalanmak babatda dürli ugurlar boýunça duşuşyklar, okuw maslahatlary we maslahatlaşmalar geçirilýär, bu möhüm işde gyzyklanýan taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmak boýunça iş alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan neşir edilýän ýöriteleşdirilen “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnaly hem ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň dürli taraplary boýunça milli kanunçylyk-hukuk binýady bolan tebigaty goramak ulgamynda görülýän çäreler hakynda ilata giňden habar berilýändigi hakynda gürrüň berýär.

27-28-nji fewralda geçiriljek nobatdaky iki okuw maslahaty hem Orhus ekologiýa konwensiýasynyň has möhüm düzgünlerini durmuşa geçirmegiň geljegi uly wezipeleri bilen baglanyşykly bolan meselelere bagyşlanylar.