Ï Ählihalk ýowaryna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ählihalk ýowaryna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 622
Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde 15-nji martda geçiriljek bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryna taýýarlyk görmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Oňa hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda amala aşyrylýan Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl ýaz möwsüminde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar, bu işi işjeňleşdirmek we utgaşdyrmak boýunça anyk çäreleri bellediler. Hususan-da, köp sanly täze agaç nahallarynyň oturdyljak ýer bölekleri kesgitlenildi. Ýaş agaç nahallaryna göwnejaý ideg etmek we olary yzygiderli suwarmagy guramak işlerine aýratyn üns berildi.


Bellenilişi ýaly, 2014-nji ýylda Aşgabadyň eteklerinde, Änew we Baharly şäherleriniň arasyndaky çäklerde ýaprakly, pürli, miweli agaç we üzüm nahallarynyň 1,5 million düýbi oturdular. Ýurdumyzyň sebitlerinde hem ýene 1,5 milion düýp ýaşajyk agaç nahallary ozal döredilen tokaý toplumlarynyň üstüni ýetirer. Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 21-nji fewralynda geçirilen mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Bu Karary ýerine ýetirmek ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, paýtagtymyzyň we welaýat häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi.

Şeýlelikde, öňde boljak ählihalk ýowaryň barşynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen Watanymyzy gülläp ösýän mekana öwürmäge, daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleri çözmäge, Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň abadan durmuşy üçin amatly şertler döretmäge ýardam etjek iri möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň täze tapgyryna badalga berer.

Häzirki wagtda Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli geçirilýän bu çäreleriň netijeleri ähli künjekleri gurşap aldy – ýurdumyzyň giň çäklerinde adam eli bilen döredilen, aňyrsyna-bärsine göz ýermeýän tokaý zolaklary peýda boldy, olardaky sagdyn ösýän baglaryň sany onlarça milliona ýetdi. Her bir şäheriň, obanyň daş töwereginde iri tokaý zolaklary döredildi, Köpetdagyň etekleri, akabalaryň we derýalaryň kenarlary, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy kemala gelýän Hazar deňziniň ýakasy gök begrese bürenýär. Ajaýyp Nowruz bahar baýramynyň öň ýanynda ählihalk ýowaryny geçirmek türkmen halky üçin asylly bäbe öwrüldi, onda raýatlarymyzyň joşgunly zähmeti bilen mähriban topragymyz has-da gözel keşbe eýe bolýar.

Şu günki maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzy mundan beýläk-de ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen okgunly öňe tarap ösüşini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan ähli wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, ähli zerur çäreleri durmuşa geçirjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.