Ï Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

view-icon 736
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Türkmenistanyň Mejlisiniň çykyp giden deputatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine öňde boljak saýlawlara taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary, habar beriş serişdeleri tarapyndan hödürlenen milli synçylar gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine öňde boljak saýlawlary geçirmäge degişli käbir meseleler girizildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresi şu ýylyň 20-njy apreline bellendi, şunuň bilen baglylykda, şu günki mejlisde saýlaw möwsüminiň başlanmagy hakynda çözgüt kabul edildi. Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, şu pursatdan dalaşgärleri hödürlemek başlanýar, bellige almak tamamlanandan soň bolsa wagyz işlerine badalga berler. Ulanylýan kanunçylyga laýyklykda, saýlaw toparlaryna, şeýle hem ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiniň we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna, kärhanalaryň, edaralaryň ýolbaşçylygyna ýygnaklary we dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklaryny guramak wezipesi ýüklenýär.

Mejlise gatnaşyjylar saýlawlara taýýarlyk görmegi we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etjek çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşyp hem-de tassyklap, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmegiň tertibini hem kesgitlediler.

Merkezi saýlaw toparynyň karary bilen Mary welaýatynyň “Kemine” 99-njy we “Zarpçy” 103-nji okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar boýunça okrug saýlaw toparlary döredildi hem-de olaryň düzümleri tassyklandy. Okruglaryň merkezleri we çäkleri hakyndaky maglumatlar metbugatda çap edilýär. Saýlaw uçastoklarynyň merkezleri we çäkleri bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda bolan saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň çäklerinde döredilen uçastoklara laýyk geler.

Mejlisiň barşynda öňde boljak jemgyýetçilik--syýasy çäresine taýýarlyk görmek, şol sanda ýerlerde ýaýbaňlanan guramaçylyk işiniň Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlar boýunça saýlaw okruglaryny döretmegiň barşy hakynda welaýat saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň, etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň saýlaw toparlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar boýunça saýlaw toparlarynyň habarlary diňlendi.

Mejlise gatnaşyjylar ilkinji derejedäki wezipeleriň hatarynda saýlawlaryň açyklygyny we giň bäsleşikliligini üpjün etmegi, şeýle hem ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmegi kesgitlediler.

Mejlisiň ahyrynda Merkezi saýlaw toparynyň agzalary öňde boljak çäräniň giň bäsleşik esasynda geçiriljekdigine we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän düýpli özgertmeler syýasatynyň esasy şertleriniň biri hökmünde ýurdumyzda demokratiýanyň has-da çuňlaşdyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň barşynda aýdylan habarlary nazara almak we saýlawlary geçirmek boýunça wezipelerden ugur almak bilen, beýleki guramaçylyk meselelerine hem garaldy, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.