Ï Türkmenistanda halkara zenanlar gününiň hormatyna dabaralar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda halkara zenanlar gününiň hormatyna dabaralar geçirildi

view-icon 761
Şu gün Garaşsyz, Bitarap, Türkmenistanda şanly bahar baýramy – gözelligi we ruhubelentligi, hoşniýetliligi we mähremligi, tebigatyň oýanmagyny hem-de durmuş şatlygyny beýan edýän Halkara zenanlar güni dabaraly bellenip geçilýär. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda mähriban, söýülýän we söýýän enelerimize, mamalarymyza, gelin--gyzlarymyza we uýalarymyza bagyşlanan dabaralar bolup geçýär.

Beýleki milli baýramçylyklarymyz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze mazmuna eýe bolan Halkara zenanlar güni Türkmenistanda milli däplerimize laýyklykda bellenip geçilýär, şolaryň özeni bolsa, ilkinji nobatda, milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny dörediji we goraýjy hökmünde zenana mähirli, hormat bilen garamak düzýär, şonuň netijesinde maşgala ojagynda alawlaýan ot hiç wagt öçmeýär hem-de mähriban Watanymyza bolan söýgi onuň perzentleriniň ýüregindedir.


Häzirki wagtda ýurdumyz uly, agzybir we dostlukly maşgala bolup ýaşaýar, şonda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän öňdebaryjy syýasaty netijesinde adamlaryň parahat, bagtly we abadan durmuşy üçin ähli şertler döredildi. Şol maşgalada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmelerini durmuşa geçirmäge önjeýli goşant goşýan hem-de dünýä gurluşynyň täze kysymynyň taglymlaryna eýerýän zenanlara aýratyn orun berilýär, şol taglymlar ruhubelentligiň, medeniýetiň bir bitewüligine, ýer şarynyň tebigy we adam serişdelerini aýamaga esaslanandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna baýramçylyk gutlagynda şeýle nygtap geçmegi doly kanunalaýyk ýagdaýdyr:

“Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady ösüşinde zenanlaryň orny barha artýar. Olar ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Şonuň üçin hem berkarar Watanymyzda gülden näzik gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, güneş kimin mähirli enelerimiziň sylag-sarpasy, abraý-mertebesi örän belentdir”.


Ýokary bilim we hünär derejesi, başarnygy görkezmek hem-de telekeçilik häzirki zaman zenanlarymyzyň aýrylmaz alamatlaryna öwrüldi. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň zenanlarynyň ýüzlerçesi döwlet sylaglaryna—ordenlere we medallara mynasyp bolýarlar. Milletimiziň ahlak gymmatlyklaryny we ahlak taglymlaryny gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ýurdumyzyň geljegi bolan sazlaşykly ösýän ýaş nesli kemala getirmekde olaryň orny ýokarydyr.

Enelik we çagalyk hakyndaky alada, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, türkmen zenanlarynyň hünär, döredijilik we aň-düşünje kuwwatyny ösdürmek zenanlaryň hukuklaryny we mertebesini goramak boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny anyk işler bilen subut edýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamyny ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda görülýän anyk çäreler, olaryň saglygyny gorap saklamagy, çagalaryň doly derejedäki ösüşini, köp çagaly maşgalalary durmuş taýdan goldamagy we beýleki ençeme çäreleri maksat edinýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi muňa mysal bolup biler.


Halkara zenanlar gününiň hormatyna geçirilýän häzirki dabaralar hem ýurdumyzyň zenanlaryna döwlet tarapyndan ägirt uly, hakyky üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde dabaraly maslahatyň bolandygyny ýatlap geçmeli, oňa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy we çuň mazmunly söz sözledi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň dabara gatnaşyjylara ýüzlenip sözlän sözünde türkmen jemgyýetinde zenanlara ýokary derejede sarpa goýmagyň taryhy taýdan yzygiderliligi nygtalyp geçildi we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iri möçberli döwlet maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny durmuşa geçirmekde zenanlaryň tutýan ornuna ýokary baha berildi. Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gazanýan ähli üstünliklerinde ýurdumyzyň zenanlarynyň paýy bardyr. “Biz Türkmenistanyň zenanlarynyň hemmetaraplaýyn ösmegi özleriniň ylma bolan ukyplaryny, aň-bilim döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini doly açyp bilmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilendigni buýsanç bilen aýdyp bileris!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde hem ýurdumyzyň zenanlarynyň erkin hem-de bagtyýar ýaşamagy, zähmet çekmegi, bilim we hünär almagy, hakyky watançy nesli kemala getirmegi hem-de ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertleri döretjekdigini nygtady.

Bu watandaşlarymyz üçin hakyky unudylmaz baýramçylyk boldy, şonda döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgünde dabaraly mejlis mahaly ýokary sylaglary—“Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly enelere degişli döşe dakylýan nyşanlary we şahadatnamalary, şeýle hem önümçilikde, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda olaryň çeken döredijilikli zähmeti, Watanymyzyň bähbidine netijeli zähmet çekendikleri üçin zenanlara “Zenan kalby” ordenlerini gowşurdy. Şol gün türkmen paýtagtynda ýokary amatlykly 13 gatly ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga bermegiň dabarasy boldy, ol Ruhyýet köşgünde dabaranyň barşynda köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açaryny gowşuran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat berildi.


Emele gelen hoşniýetli däbe görä 8-nji mart--Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýelän eneleri “Ene mähri” hormatly ady bilen sylaglamak, şeýle hem kärhanalaryň we edaralaryň zähmetkeş zenanlaryndan we mynasyp dynç alyşda bolýanlardan başlap mekdep okuwçylaryna we çagalar bagynda terbiýelenýänlere, ýagny ýurdumyzyň ähli gelin gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasynyň geçirilendigini belläp geçmeli. “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneler üçin birnäçe ýeňillikleriň bellenilendigi has guwançlydyr. Ýöne ilkinji nobatda bu at ýokary tapawutlandyryş nyşanydyr, eneleriň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlarynyň, biziň ajaýyp zenanlarymyzyň Watanymyzyň ösüşine we rowaçlanmagyna goşan gymmatly goşandynyň aýratyn ykrar edilmeginiň nyşanydyr.

Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlarynyň hormatyna dabaralar bütin ýurdumyzy gyrşap aldy. Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň medeni merkezlerinde, muzeýlerinde we kitaphanalarynda baýramçylyk sergileri ýaýbaňlandyryldy, döredijilik bäsleşikleri, ýazyjylar bilen duşuşyklar geçirildi, konsertler boldy. Baýramçylygyň öňüsyrasynda hünär we döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi, olaryň hatarynda “Ýylyň zenany”, “Talyp gözeli-2014”, “Zenan-dünýäniň gözelligi” we beýleki bäsleşikler bar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze medeni-durmuş maksatly desgalaryň dabaraly açylyşlary Halkara zenanlar gününe bagyşlandy.

7-nji martda paýtagtymyzyň Maslahat köşgüniň sahnasynda bolan döwlet konserti zenanlara bagyşlanylan ajaýyp konsert boldy, oňa ýurdumyzyň ussat döredijilik toparlary, halk döredijilik toparlary, halk sazandalary, estrada aýdymçylary, ýaş artistler gatnaşdylar. Şu gün bolan baýramçylyk çäreleriniň hatarynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Medeniýet ministrligi tarapyndan bilelikde guralan hem-de “Ýyldyz” myhmanhanasynyň ajaýyp zalynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen, zähmetde, çagalary terbiýelemekde, jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanan watandaşlarymyzy birleşdiren “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” atly dabara bar.

Zala ýygnananlaryň hatarynda Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, milli parlamentiň deputatlary, welaýat häkimlikleriniň, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylym hem-de bilim beriş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşylary we wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, zähmet weteranlary, talyp gyzlar, habar beriş serişdeleriniň zenanlary , telekeçiler bar. Myhmanlaryň hatarynda Ruhyýet köşgünde döwlet Baştutanymyzyň Permanlaryna laýyklykda “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan we “Zenan kalby” ordenini alan zenanlar, şeýle hem “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň we beýleki döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bar.


Aýdym-saz nusgawy eserlerini we türkmen zenanlarynyň gözelligini, söýgini, juwan ýaşlygy hem-de gadymy türkmen topragynyň sahylygyny şöhratlandyrýan ajaýyp milli aýdym-sazlary ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren meşhur estrada artistleri tarapyndan baýramçylyk we bahar keşbinde bezelen zalda aýratyn ruhy mähirlilik ýagdaýy höküm sürdi. Meşhur medeniýet işgärleri we olaryň ýaş kärdeşleri bolan Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary tarapyndan mähriban enelerimiziň, mamalarymyzyň, uýalarymyzyň we gyzlarymyzyň adyna mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar aýdyldy.

Dabara gatnaşyjylar mähriban Watanymyzyň täze gününe we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan “Ýaşa, Arkadag” atly watançylyk aýdymyny aýratyn tolgunmak we örän buýsanç bilen dik durup garşy aldylar, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda mähriban Watanymyz parahatçylygyň we ösüşiň belentliklerine ynam bilen gadam urýar.

Baýramçylyk maksatnamasynyň ep-esli böleginiň ilkinji gezek ýerine ýetirilen, Türkmenistanyň ajaýyp, mähirli we özüne çekiji, hoşniýetli hem-de asylly, paýhasly, wepaly we gaýduwsyz zenanlaryna bagyşlanylan aýdymlar bolandygy guwançlydyr, wäşiler ajaýyp zenanlaryň öz ýiti we göçgünli degişmeleri bilen göwünlerini göterdiler. Şol gün sahnada esasan erkek adamlar çykyş etdiler, olar türkmen jemgyýetiniň zenanlaryna öz ak ýürekli we hoşniýetli duýgularyny beýan etmek üçin bu mümkinçiligi uly hyjuw hem-de şatlyk bilen peýdalandylar. Baýramçylyk çäresi Enä özboluşly sena bolan “Ene sarpasy” diýen aýdym bilen tamamlandy. Aýdymçylara konserte gatnaşyjylar we bu mähirli hem-de aýdyň baýramçylyga mynasyp bolan şu günki dabaranyň “sebäpkärleri” goşuldylar.

Şu gün paýtagtymyzyň “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert zallarynda, şeýle hem mähriban Watanymyzyň şäherleriniň we obalarynyň medeni merkezlerinde hem meşhur aýdym-saz toparlarynyň, estrada ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagy bilen baýramçylyk konsertleri boldy. Hemme ýerde mähriban zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň adyna mähirli gutlaglar, olara ajaýyp bahar keýpi, söýgi we şatlyk, parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky isleg-arzuwlar ýaňlandy.

Şeýlelikde, Halkara zenanlar gününe bagyşlanan uly möçberli dabaralar Zenana ýokary hormat goýmagyň, oňa mukaddeslik, abadançylygyň we maşgala ojagynyň bozulmazlygyny saklaýjy--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni işjeň kemala getiriji hökmünde garaýşyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Türkmenistanyň zenanlary ýurdumyzda milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan öňdebaryjy özgertmeler, olaryň abadan durmuşy we hemmetaraplaýyn işi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ösüp gelýän ýaş nesil hakynda alada edilmegi, jemgyýetimizde ýokary ruhy we ahlak gymmatlyklaryň saklanmagy y üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirýärler. Häzir olar ägirt uly özgertmeler döwründe, parahatçylyk we döredijilik ugrunda üýtgewsiz çykyş edýän ýurtda ýaşaýandygy üçin bagtlydygyny we muňa buýsanýandyklaryny beýan edýärler.