Ï Daýahan buýsanjy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daýahan buýsanjy

view-icon 921
Bütin ýurt boýunça etraplar we obalar, şaýollary, köçeler, we köp sanly daýhan birleşikleri Magtymgulynyň adyny göterýär. Olaryň biri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär.

... Bu uly we köp ugurly hojalyk bolup, bu ýerde işler sazlaşykly alnyp barylýar. Bu hojalykda däne we gowaça ösdürilip ýetişdirilýär. Özi hem indi eýýäm dört ýyl bäri bu ýerde oba hojalyk ekinleriniň döwlet buýurmalary etrapda ilkinji bolup ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bu hojalykda üzüm, miwe we gök önümler ösdürilip ýetişdirilýär. Hojalykda maldarçylyga hem uly üns berilýär.

Ekerançylygyň gadymy däp-dessurlaryny dowam etdirýändikleri üçin Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň buýsançlary örän uludyr. 1904-nji ýylda arheologiki gazuw işleri geçirilende ýaşy bäş müň ýyl bolan ak bugdaýyň däneleri hut şu toprakdan tapyldy. Türkmeniň ata-babalary bu çäklerde ýaşamak bilen, eýýäm biiziň eramyzdan ozalky VII-VI müňýyllyklarda bugdaý ösdürip ýetişdiripdirler.

Bu günku gün bu däp-dessur üstünlikli dowam etdirilýär. Magtymguly adyndaky hojalykda geçen ýyl bugdaýyň Batko, Sähraýy, Türkmenbaşy görnaşleri ösdürilip ýetişdirilip, döwlet harmanyna 4429 tonna bugdaý tabşyryldy. Bu babatda kärendeçi daýhan Begençmyrat Orazberdiýew öňdeligi eýelemegi başardy. Ol 8,5 gektar meýdandan 54 tonnadan gowrak saýlama türkmen bugdaýyny ýygnamagy başardy hem-de her gektaryň hasyllylygyny 63,5 sentnere ýetirdi. Şeýle tejribäni ýaşlar hem öwrenýärler, ýöne hasyl ussatlary bu ugurda öz orunlaryny bermek islemeýärler. Şu ýyl hem olar ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinýärler. Ekin meýdanlaryndaky bugdaýlaryň ýagdaýlary olaryň bu ýylda hem belent sepgitlere ýetjekdigine şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda bugdaý ekilen 1500 gektar meýdan ýaşyl begrese bürendi. Geçirilen ideg işleriniň netijesinde oňat boý alýan bugdaýlar ýakynda bolup geçen aýazly günlere döz geldiler. Hojalygyň daýhanlary häzirki günlerde agrotehniki çäreleri – suw tutmak, hapa-haşal otlardan arassalamak, mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek we beýleki işleri alyp barýarlar.

Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde gowaçadan bol hasyl almakda hem uly üstünlikler gazanylýar. Geçen ýyl olar döwlet harmanyna pagta tabşyrmak baradaky borçnamalaryny welaýat boýunça ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirmegi başardylar. Hojalygyň pagtaçylary taýýarlaýyş nokatlaryna 1480 tonna pagta tabşyryp, tabşyrykdan daşgary 42,4 göterim ösüş gazanmagy başardylar.

Tejribeli pagtaçylar her gektaryň hasyllylygyny 58-59 sentnere ýetirdiler. Hasyl gahrymanlarynyň arasynda kärendeçi Annaoraz Annamyradow diňe bir bu hojalyk boýunça uly üstünlik gazanman, eýsem welaýat derejesinde hem ýokary netijeleri görkezmegi başardy. Ol ilkinjileriň hatarynda ýygnan hasylyny kabul ediş nokatlaryna tabşyrdy hem-de Ahal welaýaty boýunça geçirilen “Ak kerwen” dabarasynda gymmat bahaly sylag bilen sylaglandy. Ol diňe ilki bilen el ýygymynda öz şertnamalaýyn borçnamasyny dolmagy başardy. Tutuş möwsümde bolsa ol 76 tonnadan gowrak hasyl ýygnap, bu baradaky taşyrygy 191 göterim ýerine ýetirmegi başardy. Onuň tabşyran hasylynyň tohumçylyk üçin ulanyljakdygy hem bellärlikdir. Hojalygyň “ak altyn” ussatlary şu günler hem 2014-nji ýyl üçin gowaça ekmek üçin bölünip berilen ýerlerde işleri birjikde gowşatmaýaralr. Gowaçanyň Ýolöten -7 görnüşini ekemek üçin bölünip berlen 560 gektar meýdan hemme babatda taýýar edildi. Baglaşylan şertnama laýuklukda bu hojalyk şu ýyl 1100 tona pagta tabşyrmaga borçlanýar.

Bu daýhan hojalygynyň 24 gektaryny üzüm meýdany eýeleýär. Bu ýerde esasn hem üzümiň “taýpy” görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Üzümiň çakyr üçin niýetlenen görnüşleri hem ňdürilip ýetişdirilýär. Ýetişdiriljek hasylyň bir bölegi welaýatyň we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň saçaklaryny bezär, hasylyň esasy bölegi bolsa çakyr zawoduna gaýtadan işlemek üçin tabşyrylar.

Hojalygyň daýhanlary ýüpekçilige hem uly üns berýärler. Olar geçen ýylda pile tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Hojalykda mallaryň hem sany ýylsaýyn köpelýär. Maldarlar geçen ýylda 5 müňe golaý owlak we guzy, 65 göle, 43 sany köşek aldylar. Bu ýerde häzir ownuk mallaryň 10172-si, düýeleriň 155-si, gara mallaryň bolsa 320 sanysy idedilýär.