Ï Aşgabatda täze seýilgäh zolagy dörär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda täze seýilgäh zolagy dörär

view-icon 788
Golaý wagtda paýtagtyň günorta-günbatarynda döredilýän täze seýilgäh zolagy Aşgabadyň iň gözel ýerlerine biri bolar.

Özüniň owadan baglary bilen ol şäheriň bu böleginiň ajaýyp arhitektura toplumynyň – bäş ýyldyzly “Ýyldyz” myhmanasynyň, Nikalar köşgi “Bagt köşgüniň” we köp ugurly “Aşgabat” stadionynyň üstüni ýetirer. Örän uly çäklerde – 700 gektardan gowrak meýdanda paýtagtyň howa-toprak şertlerine uýgunlaşan baglary, gyrymsy agaçlary we gülleri ekmek göz öňünde tutulýar. Ýaşyl zolagyň taslamasyny düzen arhitektorlaryň pikirine görä, bu bagy-bossanlyk hakyky botanika bagy bolar. Bu ýerde pürli baglaryň, çynarlaryň, ak akasiýalaryň, kerkawyň, leýlisaçlaryň, bezeg gyrymsylaryň müňlerçesini ekmek, dürli görnüşli gülleriň ekiljek ýerlerini bölmek göz öňünde tutulýar.

Bu giň gök zolagy suwarmak üçin üýtgäp dürýan relýefli we gyzgyn howa şertlerinde ösümligi ösdürip ýetişdirmegiň häzirki zaman tehnologiýalryny göz öňünde tutýan ýörite suwaryş ulgamy taslanyldy. Bu ýerde pyýadalar üçin ýodalar we şäherlileriň dynç almaklary üçin zolaklar we ýerler bolar. Seýilgäh zolagynda ilkinji nahallar 15-nji martda geçiriljek ählihalk ýowarynda ekiler.

Aşgabat tebigy gurşawdan üzňesiz ösmegini dowam etdirýär. Bu ýerde diňe bir üýtgäp durýan relýefi göz öňünde tutulman, eýsem aýratyn howa şertlerini hem göz öňnde tutup gurýarlar. Şular ýaly gök zolaklary şäheriň beýleki çäklerinde hem döretmek göz öňünde tutulýar.