Ï Deňiz kenaryndaky baglyga bürenýän şäher
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Deňiz kenaryndaky baglyga bürenýän şäher

view-icon 710
“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda täze desgalaryň 15-e golaýy gurulýar. Olaryň hatarynda bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň dördüsi, oýun attraksionly seýilgähleriň ikisi, söwda merkezi, ýaht-klub we Kongress hol bar. Olar bilen bir hatarda çäkleri gök zolaga büremek we deňiz şypahanasynyň tokaýgorag zolagyny giňeltmek işleri dowam etdirilýär.


Onuň döredilmegine dört ýarym ýyl mundan ozal badalga berildi. Ýurduň ministrliklerine we guramalaryna uzynlygy 12 kilometr, ini 300 metr bolan zolakda umumy meýdany 360 gektar bolan meýdandan bag ekmek üçin ýer bölünip berildi.


Gök meýdançalaryň sany barha köpelýär. Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini buýurmasy esasynda döredilýän ýene-de bir seýilgäh, Türkmenistanyň Tebigaty goramak minstrligi tarapyndan Awaza derýasynyň boýunda döredilýän örän giň gök zolak olaryň hataryna goşualr.

Şypahan şäherini gök zolaga büreýän jemgyýetçilik bagbanlary her ýylda Milli syýahatçylyk zolagynda bag nahallarynyň onlarça müňüsini ekýärler. Bu günki geçirilen bag ekmek çäresine Balkanabatdan we kenarýakasynyň beýleki şäherleriniň meýletin kömekçileriniň ýüzlerçesi gatnaşdylar.