Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2013-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemini jemlemek, şeýle hem “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Baş maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy bilen bagly meseleler girizildi.
Mälim bolşy ýaly, hemişelik hereket edýän maslahat beriji pudagara topar öz işini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň esasy ugurlary hem-de halkara hukuk resminamalarynyň umumylykda kabul edilen düzgünleri bilen baglylykda guraýar. Geçen ýyl topar ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde hem-de esasy halkara guramalaryň ýardam etmeginde türkmen jemgyýetini has-da demokratiýalaşdyrmak we onuň esaslaryny berkitmek boýunça çäreleriň toplumyny amala aşyrdy. Adamyň bähbitlerini we hukuklaryny goramagy döwleti ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugry diýip yglan eden hem-de halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak bilen Türkmenistan degişli resminamalary ýerine ýetirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.
Çykyş edenler milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ony adam hukuklary babatda halkara kadalarynyň esasy ýörelgelerine hem-de Pudagara toparyň işiniň esasy maksatlaryna gabat getirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipelerden ugur almak bilen, 2013-nji ýylda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň monitoringi amala aşyryldy diýip bellediler. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek üçin teklipleri we maslahatlary taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy.
Bellenilişi ýaly, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda seredilýän döwürde adam hukuklaryny goramak babatda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge bagyşlanan maslahatlar, duşuşyklar guraldy we geçirildi.
Toparyň 2014-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda onuň agzalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu düzümiň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna aýratyn üns bermegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara düzümleri we ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasy bilen hukuk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi. Üstümizdäki ýyl üçin toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlaryny düşündirmek boýunça habar beriş serişdelerinde çykyş etmek işi görkezildi.
“Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Baş maksatnamasynyň” amala aşyrylmagyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde toparyň agzalary Milli utgaşdyryjy topary döretmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar we degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesiniň taslamalaryna garadylar.
Mejlisiň barşynda halkara ynsanperwer hukugynyň umumylykda kabul edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak maksadynda geçirilen işler barada habar berildi.