Ï Bäsleşigiň jemi jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bäsleşigiň jemi jemlendi

view-icon 813
Aşgabatda Nowruz baýramçylygynyň öň ýanynda “Iň eýjejik gyzjagaz” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurduň orta bilim berýän mekdepleriniň birinji-üçünji synp okuwçylarynyň bu bäsleşigiň mundan öňki geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji bolan paýtagtyň we welaýatlaryň wekilleriniň ikisi gatnaşdylar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim we Medeniýet ministrlikleri däp boýunça her ýyl geçirilýän bäsleşigiň guramaçysy bolup çykyş etdiler.


Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Döwlet gurjak teatrynda geçirildi. Dört ugur boýunça geçirilen bäsleşigiň dowamynda aýdymlar ýaňlandy, kiçiräk sahna oýunlary görkezildi. Bäsleşge gatnaşyjylar öý hojalykçynyň keşbini janlandyryp, ýaşayşda gerek bolan durmuş endiklerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar. Şeýle hem olae tikin tikdiler, örmek işlerine ýerine ýetirdiler, kiçiräk haly önümlerini dokadylar.

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň 7-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň birinji synp okuwçysy, bäsleşigiň iň ýaşajyklaryny biri Leýli Orazmyradowa emin agzalaryny we bu ýere ýygnanlary özüniň ajaýyp zehini we başarnygy bilen haýran galdyrdy. Bu ýaşajyk gyza Gran-pri baýragy gowşuryldy.

Beýleki üç baýrakly orna bolasa Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň üçünji synp okuwçysy Oguljan Çaryýewa birinji orna, ikinji orna Serwi Annaberdiýewa, üçünji orna Leýli Orazaowa mynasyp boldular. Olar degişlilikde Mary we Daşoguz welaýatlaryna wekilçilik etdiler.


Bäsleşigiň ýeňijileriniň ählisi ýörite diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň galanlaryny hem ünsden düşürmedi – olara hormat hatlary we höweslendiriji baýraklar goşuryyldy.

Paýtagtyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň okuwçylarynyň hem-de ýaş zehinleriň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileriniň döredijilik çykyşlary bäsleşige gatnaşyjylar üçin aýdym-saz sowgady boldy.