Ï Gurluşyk işleri ýylyň ahyryna tamamlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurluşyk işleri ýylyň ahyryna tamamlanar

view-icon 608
2012-nji ýylyň ahyrynda gurluşygyna badalga berlen Aşgabat şäheriniň nobatdaky 12-nji tapgrynyň gurluşyk işleri dowam edýär. Binalaryň ýokarky gatlarynda inženerçilik-kommunikasin torlaryny çekmek, bezeg işleri, binalaryň öň tarapyny mramor bilen örütmek işleri alnyp barylýar. Gurluşyk işlerini şu ahrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Gurluşyk işlerini döwlet we hususy gurluşyk kärhanalarynyň birnäçesi, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary alyp barýarlar. Çurluşygyň çäkleri A.Nyýazow şaýolunyň böleginde: Bitarap Türkmenistan şaýolundan Görogly köçesine çenli uzap gidýär. Paýtagtyň gurluşygynyň 12-nji tapgyrynyň meýilnamasy “Türkmendöwlettaslamanyň” Döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigi tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy.

Umuman 50 gektar töweregi meýdanda desgalaryň 19-sy ýerleşýär. Olaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlarynyň 13-si, her biri 600 orunlyk mekdepleriň ikisi, her biri 160 orunlyk çagalar bagynyň 2-si, işewürler merkezi, Türkmenistanyň Döwlet öçüş bankynyň binalary bardyr. Binalaryň daş-töweregi abadanlaşdyrylar we gök zolaga büreler. Bu ýerde awtoduralga, oýun we sport, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin meýdançalar ýerleşer.

A.Nyýazow şaýolunyň uzynlygy 2,1 kilometr bolan bu böleginiň durkuny täzelemek boýunça işler dowam etdirilýär. Ýoluň bu bölegi gönülenip, ol iki esse – 77 metre çenli giňeldildi. Bu ýolda hereketiň sekiz zolagy – her tarapa dört zolak, şeýle hem goşmaça geçelgeler göz öňünde tutulandyr. Ýoluň bu böleginde ýerasty geçelgeleriň üçüsi we A.Nyýazow köçesi bilen Seýdi we Mollanepes köçeleriniň kesişýän ýerlerinde awtoulag tonnelleriniň ikisi gurlar.

Ýoluň bu böleginiň durkuny täzelemek işlerini “Nata” türk kompaniýasy alyp barýar. Şeýle hem bu kompaniýanyň hünärmenleri A.Nyýazow şaýoly bilen Görogly köçesiniň kesişýän ýerinde göni nobatdaky 12-nji topluma birleşýän iki gatly ulag geçelgesini gurýarlar.