Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny we hereket etmegiň meýilnamasyny amala aşyrylmagyna bagyşlanyp, nobatdaky bölümara maslahat geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi utgaşdyrýan, utgaşdyryjy komitetiň düzümine girýän ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirildi.
Maslahatda Milan (Italiýa) şäherinde geçiriljek “EKSPO-2015” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görmek, hususy bölegiň kärhanalary tarapyndan öndürilýän azyk önümleriniň hilineşiň howsuzlygyna bildirilýän talaplary berjaý etmek, azyk harytlaryny öndürýän kärhanalaryň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we dermen senagaty ministrliginiň Döwletsanepidgullugy tarapyndan geçirilýän gözegçilik işleriniň netijesine garamak ýaly meselelere garaldy.