Şu gün Garagum derýasynyň kenary her ýyl aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän “Suw damjasy—altyn dänesi” ählihalk baýramçylygynyň hormatyna bütin ýurdumyz boýunça guralan köpsanly çäreleriň esasy geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu dabara ajaýyp milli öwüşgini bilen köp müňýyllyk taryhynyň dowamynda сува gymmatly baýlyk hökmünde garaýan türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän däbini beýan edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu nurana baýram täze mazmuna eýe boldy. Häzirki wagtda suw gorlarynyň rejeli peýdalanylmagy hem-de innowasion tehnologiýalar netijesinde şäherleriň we obalaryň, ýaşyl lybasa bürenen seýilgähleriň hem-de tokaý zolaklarynyň keşbi barha özgerýär, ilatyň durmuş derejei, arassa agyz suwy bilen üpjünçiligi ýokarlanýar. Suw üpjünçiligi ýurdumyzyň rowaçlanmagynyň, halk hojalyk toplumynyň ösmeginiň esasy şertleriniň biridir.
Hemme ýerde bir hepdäniň dowamynda bu şanly baýrama bagyşlanan halkara, ylmy we medeni çäreler geçirildi. Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň binasynda ýurdumyzyň Suw hojalyk ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan “Suw—ýaşaýşymyzyň gözbaşy” atly ylmy maslahat boldy. Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oýlap tapyjylaryň taslamalarynyň bäsleşigi boldy, oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri, “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň hünärmenleri, bu ýokary okuw mekdebiniň hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar we onuň jemleri boýunça iň mynasyplar Hormat hatlary hem-de sowgatlar bilen sylaglandy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa boýunça Ykdysady toparynyň ýolbaşçylarynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli suw syýasaty meseleleri boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň paýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynda bolan nobatdaky mejlisi suwdan peýdalanmak meselesine bagyşlandy.
Şu günki dabaralara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler, şonda döwlet Baştutanymyz suw hojalygynyň edermen işgärlerini, oba zähmetkeşlerini we ähli türkmen halkyny “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiziň gutlagynda suwuň gadyryny bilen we oňa sarpaly çemeleşen ata-babalarymyzyň hoşniýetli däplerini mynasyp dowam etdirmäge, ilatymyzyň suwa bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam edýän iri möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär diýlip nygtalyp geçildi. Hususan-da, häzirki wagtda mukaddes suw “Gadymy döwürlerden bäri ýaşaýşyň, bolçulygyň gözbaşy hasaplanýan mukaddes suw tebigata jan berýär, giň ýaýlalarymyzy, sähralarymyzy gülzarlyga, bereket mekanyna öwürýär” diýlip bellenildi.
Ýurdumyzyň suw hojalygynyň ähli işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk alamaty hökmünde Gerçek atly mele ahalteke bedewi sowgat berildi.
Baýramçylygyň maksatnamasynyň çäklerinde “Türkmengallaönümleri”, “Obahyzmat”, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşikleriniň, “Türkmenagta” döwlet konserniniň, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň we beýlekileriň gatnaşmagynda oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Owadan bezelen diwarlyklarda täze önümler, häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary görkezildi. Ýurdumyzyň suw hojalygynyň ýerli edaralarynyň diwarlyklarynda gidrotehniki desgalaryň nusgalary, suw serişdelerini tygşytlaýan tehnologiýalar, suw howdanlaryny biologiki usulda arassalamagyň usulyýetleri we beýlekiler görkezildi. Bu ýere ýygnananlar Watanymyzyň suw hojalygynyň häzirki zaman tehniki parkynyň üstüni ýetirýän dünýäniň iň gowy önüm öndürijilerinden alnan ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalar bilen hem tanşdylar.
Türkmen halkynyň suwa asyrlaryň dowamynda aýawly çemeleşmegi heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň hem-de zergärleriň eserleriniň ajaýyp sergisinde hem öz beýanyny tapdy, oňa giňden tanalýan ussatlar we ýaş zehinler gatnaşdylar. Derýanyň belent kenarynda ýaş türgenleriň—pälwanlaryň, boksçularyň, gimnastikaçylaryň köpçülikleýin çykyşlary boldy. Olara sportuň suw görnüşleri boýunça türgenler goşuldy, derýada baýdarkada we kanoede ýüzüş geçirildi.
Baýramçylygyň çäklerinde Garagum derýasynyň kenaryndaky seýilgäh zolagynyň täze meýdanynda agaç nahallaryny oturtmak dabarasy boldy, oňa gatnaşyjylaryň her biri arça agaçlarynyň ýüzlerçesiniň mähriban topragymyzyň gözelligini has-da artdyrmagy üçin uly höwes bilen ellerine pil aldylar.
Bu ýerde baýramçylyga gatnaşyjylaryň ählisi hoşboý ysly çörek, gowurma, ajaýyp düýe çaly we beýleki milli tagamlar bilen myhmansöýerlikli garşylandy.
Suwy şöhratlandyrýan baýramçylygyň dürli hünärdäki we kärdäki adamlary—melioratorlary hem-de gidrotehnikleri, miraplary we mehanizatorlary, tehnologlary hem-de gurluşykçylary birleşdirýändigini belläp geçmeli, olaryň iň gowularyna asylly däbe görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň bu ýerde bolan uly konserti baýramçylygyň bezegi boldy.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda milli Liderimize bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini artdyrmak hem-de täze suw howdanlaryny gurmak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny, ilatymyzyň agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, suwuň zerur gorlaryny döretmek boýunça geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrýan pudagyň işgärlerine döredilýän şertler üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz tarapyndan öz öňlerinde goýlan uly möçberli wezipeleri gürrüňsiz ýerine ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.
Şu gün bütin ýurdumyzda “Suw damjasy—altyn dänesi” ählihalk baýramynyň hormatyna estrada ussatlary, aýdym-saz – tans we halk döredijiligi toparlary çykyşlarynda mähriban topragymyzyň gözelligini hem-de halkymyzyň döredijilikli zähmetini, gazanylan ýokary netijeleri we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän durmuş maksatly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişini wasp etdiler.