Ï Täzemaksat obasynda täze çagalar bagy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täzemaksat obasynda täze çagalar bagy açyldy

view-icon 1040
Şu gün Halaç etrabynyň “Surh” geňeşliginiň Täzemaksat obasynda terbiýelenýänleriň 160-sy üçin niýetlenen täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Mekdebe çenli häzirki zaman çagalar edarasynyň iki gatly binasy baýramçylyk bezeginde, hemme ýerde dürli reňkli grilliandlar, şarlar we lentalar asylyp goýlupdyr. Ruhubelent aýdym-sazlar we bagtyýar çaga gülkileri ýaňlanýar. Tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezýärler.

Oba ýaşaýjylary üçin täze binanyň açylyşy ajaýyp sowgat boldy, ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky, onuň geljegi hakyndaky hemmetaraplaýyn alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen Lilderiniň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar. Häzirki şanly waka bilen körpeleri hem-de olaryň ata-enelerini gutlamak üçin welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular geldiler.

Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň maddy-hal ýagdaýyny we durmuş derejesini depginli ýokarlandyrmagy maksat edinen paýhasly hem-de uzakdan görüji syýasaty netijesinde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde bolup geçýän uly möçberli özgertmeler üçin buýsanç duýgusyny başdan geçirýändiklerini nygtadylar. Şol özgertmelerde ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky hemmetaraplaýyn alada aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda soňky ýyllarda gurlan häzirki zaman çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän we sport mekdepleriniň ençeme ýüzlerçesi şol aladanyň ynandyryjy subutnamasy bolup durýar. Bu ýere ýygnananlar türkmen halkynyň eşreti, Watanymyzyň gülläp ösmegi, çekýän ägirt uly zähmeti üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Täze çagalar bagynda oba çagalarynyň sazlaşykly terbiýelenmegi we ösüşi üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde körpeleriň amatlylygy, doly derejede dynç almagy we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri, bilimlerini, döredijilik ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmek üçin ähli zatlar göz öňünde tutuldy. Toparlarda giň ýatylýan otaglardan başga hem düşünje alyş we oýun oýnalýan otaglar bar. Terbiýeçilik işinde körpeleriň bilim endiklerini ösdürmäge aýratyn üns berler. Häzirki zaman kompýuter we lingafon tehnikasy bilen üpjün edilen ajaýyp okuw synp otaglary olaryň ygtyýaryndadyr, çagalaryň döredijilik we bedenterbiýe ukyplaryny ösdürmek üçin aýdym-saz we sport zallary, suwa düşülýän howuzlar hem bar. Şeýle hem oňat üpjün edilen aşhanaly naharhana, lukmançylyk nokady bar.

Körpeleri açyk howada gezelenç etmek we oýnamak üçin eýwanlar hem-de telärler, owadan bezelen oturylýan ýerler we hiňňillikler guraldy. Has oňaýly howlyny ertekileriň gahrymanlarynyň heýkeltaraşlyk şekilleri bezeýär. Çagalar bagy özbaşdak suw, energiýa we ýylylyk ulgamy bilen üpjün edilendir.

Bu täze desgany Lebap welaýatynyň häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça hususy kärhananyň hünärmenleri gurdular, olaryň iň oňatlaryna dabarada gymmatly sowgatlar gowşuryldy.