Ï Ýurdumyzda täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 760
Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, gündogar welaýatyň şäherdir obalarynda hem durmuş maksatly täze döwrebap desgalaryň ulanmaga berilmegi dowam edýär. Şu gün Farap etrabynyň “Dostluk” daýhan birleşiginiň Tuýgun obasynda täze binanyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde 140 körpä niýetlenen täze çagalar bagy ulanmaga berildi. Häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri peýdalanylyp, özboluşly binagärlik usulynda gurlan iki gatly bina obanyň bezegine öwrüldi.

Çagalaryň ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren aýdymdyr tanslary bu wakanyň dabarasyny has-da artdyrdy. Täze binanyň açylyş dabarasyna oba ilaty bilen bilelikde, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar, çagalar şäherjiginiň otaglary bilen tanyşlyk olarda aýratyn täsir galdyrdy. Täze binada körpeleriň sazlaşykly terbiýe almagy we ösmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Giň ýatylýan otaglar, ýumşak mebeller bilen üpjün edilipdir, oňat enjamlaşdyrylan oýun oýnalýan otaglar, saz öwrenilýän we sport zallary, suw howdanlary çagalaryň kämil ösmegine ýardam berer.

Häzirki zaman kompýuter tehnikasy oturdylan lingafon otaglary körpeleriň informatikanyň başlangyçlary bilen tanyşmagyna, daşary ýurt dilleriniň esaslaryny öwrenmäge, mekdebe taýýarlanmagyna oňyn mümkinçilik berer. Naharhana, lukmançylyk otagy, açyk howadaky oýun meýdançalary çagalaryň hyzmatynda bolar. Çagalar bagynyň çäkleri abadanlaşdyrylypdyr, yşyklandyrylypdyr, agaç nahallary oturdylypdyr, dynç almak üçin milli äheňde bezelen telärler gurnalypdyr, ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleri şekillendirilen heýkeljikler goýlupdyr.

Dabarada çykyş edenler häzirki zaman mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň ulanmaga berilmeginiň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy ugrundaky ýadawsyz aladasynyň, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmäge gönükdirilen maksatnamalaryň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny bellediler. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Tuýgun obasynda ulanmaga berlen çagalar bagy Lebap welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýrmasy boýunça ýerli kärhananyň işgärleri tarapyndan bina edildi we açylyş dabarasynda olaryň has tapawutlananlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.