Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy nda dünýäniň 23 ýurdundan aşpezlik sungaty boýunça ökde hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen “Aziada-2017-niň tagamlary” atly çäre öz işini tamamlady. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça geçiriljek uly sport forumyna -- ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde guraldy, bu oýunlar Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, dünýäniň halklarynyň milli aşpezligine degişli sergä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyzda resmi saparda bolan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan geldiler. Çärä gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri dostlukly iki ýurduň Baştutanlaryna aşpezlik sungaty boýunça öz ussatlyklaryny görkezip, ýokumly tagamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary we tehnologiýasy bilen tanyşdylar.
Iki döwletiň Baştutanlaryna dürli azyk önümlerini ulanmak arkaly aýratyn usullar boýunça taýýarlanan naharlar, şol sanda gyzgyn we sowuk tagamlar, işdäaçarlar we süýji nygmatlar hödürlenildi. Munuň özi bu çäräniň özboluşly derejä eýe bolmagyna ýardam berip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň sport boýunça geçiriljek wekilçilikli foruma taýýarlyk görülmegine degişli meselelere hem-de gumanitar-medeni ugur boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine içgin üns berýändigini aýdyň görkezdi.
Üç günläp dowam eden çäre gyzykly we diýseň täsirli boldy. Aşpezlik boýunça bu bäsleşik milli aşhanalaryň özboluşly halkara dabarasyna öwrüldi. Ussat aşpezler özleriniň başarnyklaryny hem-de et, balyk, gök ekin önümlerini we miweleri ulanmak arkaly dürli naharlary, özboluşly nygmatlary, işdäaçarlary we süýji tagamlary taýýarlamagyň usullaryny görkezdiler.
Ussat aşpezleriň öz tagamlary bilen tanyşdyrmagynyň barşynda görkezilen naharlar, nygmatlar milli aýratynlyklara eýe bolan aşpezlik sungatynyň özboluşlylygyny äşgär etdi. Bularyň arasynda özbek we täjik palawy, Ýewropa aşhanasynda etden taýýarlanýan hoşboý ysly naharlar, russiýaly aşrezleriň balykdan taýýarlan naharlary, ermeni, ukrain we belarus aşhanasyna degişli tagamlary, Orta Aziýadaky halklaryň taýýarlaýan bäşbarmagy, azerbaýjan dolamasy, Aziýa—Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlaryň özboluşly naharlary, türk aşhanasyna we Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerine degişli nygmatlar we beýlekiler bar.
Tanyşdyrylyş dabaralarynyň barşynda oňa gatnaşanlar irki döwürlerden bäri öz ýurtlarynyň milli aşhanalaryna mahsus bolan tagamlaryň taýýarlanylyşynyň usullaryny görkezmäge çalyşdylar. Galyberse-de, wekiliýetleriň agzalary iýmitlenmegiň medeniýetiniň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar, şol aýratynlyklar bolsa her bir halkyň däp-dessurlarynyň özenine esaslanýar.
Şeýle hem foruma gatnaşanlara we myhmanlara türkmen aşhanasyna degişli naharlary taýýarlamagyň tehnologiýasy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Ýeri gelende aýtsak, halkymyzyň aşpezlik sungaty ençeme asyrlaryň dowamynda milletiň baý taryhynyň täsir etmeginde kämilleşdi. Sahy türkmen saçagy myhmanlary özboluşlylygy bilen haýran galdyrdy. Foruma gatnaşanlar tagamlary dadyp görüp, türkmen aşpezleriniň ussatlygyna oňat baha berdiler.
“Aziada-2017-niň tagamlary” atly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentine we tutuş türkmen halkyna göwnaçyk we mähirli kabul edişlik, şeýle hem halkara foruimynyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şonda bu çäräniň medeniýet, şol sanda aşpezlik sungaty boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy we bu gatnaşyklaryň halklaryň arasyndaky dostlugy we birek-birege düşünişilmegini pugtalandyrýandygy bellenildi. Hazaryň kenarynda geçirilen döredijilik forumy oňa gatnaşanlarda sahylygyň, açyklygyň we myhmansöýerligiň baýramçylygy hökmünde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Şeýle hem “Aziada-2017-niň tagamlary” atly çärä gatnaşanlara Awazanyň gözel künjekleri bilen tanyşmaga we deňizde gämili gezelenç etmäge mümkinçilik döredildi.
Umuman, şu çäräniň geçirilmegi milli Liderimiziň Baştutanlyk etmeginde oňyn daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen ugra ygrarlydygyny hem-de munuň ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýändigini ýene-de bir gezek äşgär etdi.