Ï Täze durmuş taslamasynyň çäklerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze durmuş taslamasynyň çäklerinde

view-icon 723
Ahal welaýatynyň Derweze terabynda bölünip berlen ýerde täze ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş desgalarynyň toplumynyň garluşygyna taýýarlyk işleri görülýär. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen aýda eden başlangyjy bilen iri göwrümli durmuş taslamasynyň çäklerinde aşgabatlylar üçin ýeňilleşdirilen karz pullarynyň esasynda ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Umumy meýdany 257,2 gektar bolan gurluşygyň bu bölegi üçin paýtagtyň häkimliginiň “Aşgabattaslama” instituty tarapyndan gurluşygyň taslama meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Onuň hünärmenleri eýýäm bu ýerde gerek bolan geodezitiki gözleglerini geçirdiler.

Umuman bu bölünip berlen ýerde 1536 sany hususy ýaşaýyş jaýlary gurlar. Olar 1-2 gatly 3-5 otaglardan ybarat bolup, şertleri gowlandyrylan binalardyr. Bu ýerde jemgyýetçilik ähmiýetli desgalaryň hem birnäçesi, şol sanda, umumy bilim berýän mekdepleiň ikisi, çagalar baglarynyň dördüsi, saglyk öýüniň ikisi. Azyk we senagat harytlary dükanlarynyň dördüsi, durmuş hyzmatlary öýleriniň ikisi gurlar.

Gurluşygyň çäkleri abadanlaşdyrylyp, gök baglyga bürener. Bu ýerde ulag goýulýan ýer, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçimek üçin meýdança, çagalar we sport meýdançalary göz öňünde tutulandyr. Ýaprakly we pürli baglar, güller ekilen seýilgäh bu ýaşaýyş jaý toplumyna özboluşly gelşik berer. Şeýle hem inženerçilik-tehniki kommunikasiýa-transformator kiçi beketleri, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ýangyna garşy gurluşlar göz öňünde tutulandyr.

Ýeňilleşdirilen şertlerde hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek boýunça täze durmuş maksatnamasy ýurduň ähli welaýatlarynda ýaýbaňlandyrylandyr. Umumylykda bu maksatlar üçin 25 müň gektar bölünip berildi. Hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin şäherleriň ýaşaýjylary üçin 0,08 gektar, şäherçeleriň ýaşaýjjylary üçin – 0,10 gektar, oba ýaşaýjylary üçin bolsa – 0,12 gektar bölünip beriler. Mundan hem başga 35 müň 671 gektar ýer 240 müň 710 sany kömekçi hojalyklar üçin bölünip beriler.