Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň üçünji giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramasynyň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlise milli parlamentiň ýolbaşçysy, hökümet agzalary, Zenanlar birleşiginiň köp sanly düzüm bölümleriniň wekilleri, şeýle hem Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň derňew toparynyň agzalary gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan öňdebaryjy watandaşlarymyzy özünde jemlän bu çäre Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynda ähmiýetli waka öwrüldi we ol ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda zenanlar hereketiniň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli başlangyçlaryna işjeň gatnaşýan yhlasly zenanlaryň müňlerçesini özünde jemleýär. Şeýle hem Zenanlar birleşigi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bşlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar.
Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän asylly maksatlaryny we Türkmenistany syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri goldamak bilen, zenanlar ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Häzirki döwürde dürli düzümleriň jogapkär ýolbaşçylaryny, görnükli ylym, medeniýet, sungat işgärlerini, önümçilik pudagynyň hünärmenlerini we tejribeli telekeçileri özünde jemleýän Zenanlar birleşigi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň ýokary derejeli durmuşy, zähmeti, bilim almagy we dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegi babatda ägirt uly işleri alyp barýar.
Şeýle hem mejlisiň barşynda guramaçylyk meselelerine seredildi. Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi M.Ýazmuhammedowanyň başga işe geçmegi sebäpli, ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygynyň wezipesinden boşatmak we bu wezipä G.Baýramowany saýlamak baradaky çözgüdi kabul edildi.
Ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň üçünji giňişleýin mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar döwlet Baştutanymyzy mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we abadançylygyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ähli güýçlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.