Ï Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdan daşary gurultaýy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdan daşary gurultaýy

view-icon 735
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdan daşary V gurultaýy geçirildi, oňa ýurdumyzyň pudaklaýyn we welaýat kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň işjeňleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gurultaýyň gün tertibine kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak we bu jemgyýetçilik guramasynyň geljekki döwür üçin işiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem käbir guramaçylyk meseleleri girizildi.

Gurultaýyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýlan maksatnamalaýyn görkezmeleriň ýerine ýetirilişi baradaky kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle hem ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi derňew toparynyň hasabatlary diňlenildi.

Mejlisiň gün tertibinde kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň täze ýolbaşçylar düzümini saýlamak meselesi hem bar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdan daşary V gurultaýynyň karary bilen M.Ýazmuhammedowa başga işe geçmegi sebäpli Milli merkeziň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu jemgyýetçilik guramasynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesine G.Baýramowa biragyzdan saýlanyldy. Mejlisiň barşynda şeýle hem beýleki käbir guramaçylyk meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler syýasaty netijesinde biziň ýurdumyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça ägirt uly üstünlikleri gazandy we ösüşiň hem-de abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem örän möhüm durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, strategiki döwlet maksatnamalaryny we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge, demokratik, hukuk, dünýewi, ynsanperwer jemgyýeti kemala getirmäge uly goşandyny goşýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň nobatdan daşary V gurultaýynyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyzy Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny we tejribesini aýamajakdyklaryny ynandyrdylar.