Murgap etrabynyň Gowkuzereň obasynda 160 orunlyk häzirki zaman çagalar bagynyň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy. Mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin gurlup ulanylmaga berlen binanyň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy ýurdumyzda gurulýan döwrebap desgalarynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu ýerde ösüp gelýän ýaş nesil üçin we dürli ýaşdaky çagalaryň rahat dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Olaryň ygtyýarynda başlangyç kompýuter bilimini almak üçin hem-de oňat enjamlaşdyrylan oýun oýnalýan, saz öwrenilýän otaglar, döwrebap naharhana we lukmançylyk otagy bar. Bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin sport zal, oýun meýdançalary gurnalypdyr. Çagalar bagynyň çäkleri abadanlaşdyrylyp, agaç nahallary oturdylyp, ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleri şekillendirilen heýkeljikler goýlupdyr.
Çagalar bagynyň daşky görnüşi häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri peýdalanylyp, özboluşy milli binagärlik bezegine öwrüldi. Täze çagalar merkezi "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň" çäklerinde Murgap jülgesinde soňky ýyllarda gurlan durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirdi.
Welaýatyň medeniýet müdirliginiň döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri wasp etdiler.
Dabara gatnaşanlar döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy ugrundaky ýadawsyz aladasynyň, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmäge gönükdirilen maksatnamalaryň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny bellediler. Açylyş dabarasynda gurluşykda tapawutlananlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.