Ï Çagalar sagaldyş merkezi gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar sagaldyş merkezi gurulýar

view-icon 988
Mary etrabynyň ajaýyp künjeginde Türkmen ýoly geňeşliginiň çäklerinde 300 orunlyk çagalar sagaldyş merkeziniň gurluşygyna başlanyldy. Bu gurluşygy Mary welaýat häkimligi bilen baglaşylan şertnamasy esasynda “Oguzýol” hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Gurluşyk işlerini 2015-nji ýylyň ahyrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Gurluşykçylar binanyň düýbüni tutmak işlerine girişdiler.

Toplum, sagaldyş merkeziniň durmuş üpjünçilik desgalaryny goşmak bilen, bäş gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Bu meýdanyň ýarysyndan gowragyny gök baglyk eýelär. Ak mermere beslenjek sagaldyş merkeziniň üç gatly binasy ganatyny giňden ýaýan uly guşy ýatladar. Sagaldyş merkeziniň her gatynyň peýdaly meýdany üç müň inedördül metre golaý bolar. Bu ýerde ähli oňaýlyklary bolan ýatylýan otaglar, giň aşhana, kinoteatr ýerleşer.


Köpçülikleýin çäreler, duşuşyklar, konsertler amfiteatrda geçiriler, oýun oýnalýan otagly medeniýet merkezi, internete birikdirilen kompýuter otaglary göz öňünde tutulandyr. Jaýlaryň birnäçesi gyzyklanma boýunça gurnaklar üçin niýetlenendir. Döredijilik bilen gyzyklanýanlara saz studiýasy, sergi galareýasy, surat laboratoriýasy zehinini açyp görkezmäge kömek eder. Sport we hereketli oýunlaryň meýdançalary, akwopark we ýüzülýän suw howdany göz öňünde tutulandyr.

Häzirki wagtda Murgap sebtinde çagalr sagaldyş merkezleriniň ulgamy işleýär. Olarda tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi dynç alýarlar. Olardan iň irisi Garagum derýasynyň boýunda ýerleşýän “Gunça” çagalar sagaldyş merkezidir. Bu merkez her dynç alyş möwsüminde çagalaryň bir ýarym müňden gowragyna doly bahaly dynç alyşy üpjün edýär. Onda goýry kölegede merkeziň binasy, oýun, sport meýdançalary, suw howdanlary ýerleşýär.