Şu gün Balkan welaýatynyň merkezinde şäheriň täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň birinde gurlan ýene-de bir döwrebap çagalar bagy körpeler üçin gapylaryny giňden açdy.
Irden dürli reňkli lentalar we şarlar bilen bezelen mekdep ýaşyna çenli çagalar edarasynyň öňündäki meýdançada hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürdi. Aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, körpeler özlerini täze bina bilen gutlamaga gelen myhmanlary aýdymlar, goşgular we joşgunly tanslar bilen garşylarýarlar. Şanly waka mynasybetli bu ýere welaýatyň we şäheriň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we köpsanly şäherliler geldiler. Täze binanyň açylyş dabarasynda ata Watanymyzyň gülläp ösmegi we türkmen halkynyň abadançylygy barada ýadawsyz alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.
Balkanabadyň durmuş maksatly edaralaryň üstüni ýetiren täze çagalar şäherjigi ýurdumyzda şeýle desgalara bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär. Mähriban diýarymyzda ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmegi, onuň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.
Bu ýerde dürli ýaşdaky çagalaryň toparlarynyň her biri üçin oňat enjamlaşdyrylan oýun we sport zallary, oňaýly ýatakhanalar bar. Okuw otaglarynda çagalary göwnejaý terbiýelemek, olary mekdebe taýýarlamak, körpelere daşary ýurt dillerini, kompýuter sowatlylygyny öwretmek üçin ähli şertler döredilipdir. Körpeleriň aýdym-saz, surat çekmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin hem ähli mümkinçilikler bar. Çagalar bagynda dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen giň zal, naharhana, kömekçi otaglar körpeleriň hyzmatyndadyr. Bu ýerde ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň zerur bolan kommunikasiýa ulgamalary işleýär. Çagalar bagynyň döwrebap abadanlaşdyrylan howlusynda dynç alynýan ýerler, sport we hiňňildikli, pyrlampaçly we depejikli oýun meýdançalary ýerleşýär.
Täze desganyň açylyş dabarasynda tapawutlanyp işlän gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.