Ï Ýurdumyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary

view-icon 697
Şu gün Ýolöten etrabynyň Talhatanbaba obasynda täze medeniýet öýüniň açylyşy mynasybetli dabara boldy. Baýramçylyk dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdy.

Häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen gurlan oba medeniýet ojagynyň täze binasy obanyň bezegi boldy. Ol özüniň ajaýyp binagärlik keşbi, milli äheňde öň tarapynyň timarlanyşy bilen ünsi çekýär. Täze medeniýet öýünde oba ýaşaýjylarynyň, aýratyn hem ýaşlaryň dynç alşyny mazmunly geçirmekleri, olaryň ruhy taýdan baýlaşmaklary, döredijilik ukyplaryny hem-de zehinlerini amala aşyrmak üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde okalga zaly bolan kitaphana, aýdym-saz we horeografiýa synp otaglary, maglumatlar otagy, şekillendiriş studiýasy, dürli döredijilik toparlarynyň işlemegi üçin grimlenilýän, egin-eşik çalşyrylýan we beýleki otaglar, şeýle hem ussahanalar we kömekçi jaýlar bar. Giň zal ýöriteleşdirilen audio tehnika, konsert sahna çykyşlary mahaly yşyk netijeliligini döretmek üçin ýörite ulgamlar bilen üpjün edilendir. Bu ýerde garbanyşhana, egin-eşik goýulýan otaglar hem bar, dynç alyş zolaklary göz öňünde tutulypdyr.

Täze Medeniýet öýüniň binasynyň töweregindäki çäkler abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde gezelenç ýodajyklary çekilipdir, ýaş agaç nahallary oturdylypdyr we gülhanalar döredilipdir, yşyklandyryjylar oturdylypdyr, şol çäklerde woleýbol we basketbol oýnamak üçn meýdançalar hem gurnalypdyr.

Oba Medeniýet ojagynyň täze binasy Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýatlary özgertmek boýunça Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlupdyr.

Dabaranyň barşynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuşa ugur alan syýasaty ýöredýändigi we ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmagy maksat edýän ägirt uly özgertmeler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, öňdebaryjy gurluşykçylary hormatlamak çäresi boldy, olara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu ýere ýygnananlar welaýatyň medeniýet müdirliginiň döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanan ajaýyp konsertiň tomaşaçylary boldular. Welaýatyň iň gowy döredijilik toparlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany wasp edip, tans, aýdym-saz maksatnamasyny hödürlediler.