Şu gün Türkmenistanda 99-njy “Kemine” we 103-nji “Zarpçy” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň we Geňeş agzalarynyň käbir okruglary boýunça saýlawlary giň bäsleşik esasynda geçirildi. Bu saýlawlar türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny berkitmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň bagtly geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi.
Milli parlamentde we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz saýlawçylaryna wekilçilik etmek hukugyna watandaşlarynyň arasynda uly hormata we ynama eýe bolan iň mynasyp raýatlarymyz dalaş etdiler. Mejlisiň deputatynyň we Geňeş agzasynyň bir ornuna birnäçe dalaşgär bellige alyndy. Şeýlelikde, ozalky saýlawlar ýaly, şu günki saýlawlar hem giň bäsleşik esasynda, demokratik we aýanlyk ýörelgelerinde geçdi.
Mälim bolşy ýaly, şu günki saýlawlaryň öň ýanynda uly taýýarlyk işleri geçirildi. Hususan-da, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 298-si we Mejlisiň deputatlygyna 4 dadaşgär bellige alyndy. Olar syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan hödürlendi.
Mary welaýatynyň saýlaw okruglarynyň ikisinde Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary üçin saýlaw uçastoklarynyň 33-si döredildi. Şäherleriň we etraplaryň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň çäklerinde bosla Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary geçirmek üçin saýlaw okruglarynyň 149-sy we saýlaw uçastoklarynyň 138-si döredildi.
Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, ses bermek üçin bellenilen wagtda – ir sagat 7-de saýlaw okruglarynyň çäklerinde ähli saýlaw uçastoklary birwagtda açyldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna ses bermäge gatnaşmak üçin Mary welaýatynyň 99-njy “Kemine” we 103-nji “Zarpçy” saýlaw okruglarynyň ikisi boýunça saýlawçylaryň 49199-sy bellige alyndy.
Okrug saýlaw toparlary tarapyndan Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlarda ses bermäge hukugy bolan saýlawçylaryň 48877-si bellige alyndy.
Mary welaýatynda jemgyýetçilik-syýasy çäresiniň tamamlanan pursadyna çenli Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlaw okruglarynyň ikisi boýunça saýlawçylaryň 88,68 göterimi ses berdi.
Sagat 19-00-a çenli Ahal welaýatynda saýlaw okruglarynyň 20-si boýunça etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň çäklerinde Geňeş agzalygyna dalaşgärler üçin saýlawçylaryň 87,31 göterimi öz seslerini berdiler. Balkan welaýatynda döredilen okruglaryň 6-sy boýunça saýlawçylaryň 87,08 göterimi, Daşoguz welaýatynyň okruglarynyň 24-si boýunça saýlawçylaryň 88,03 göterimi, Lebap welaýatynda döredilen okruglaryň 35-si boýunça saýlawçylaryň 87,21 göterimi, Mary welaýatynyň okruglarynyň 64-si boýunça ses bermäge hukugy bolan türkmenistanlylaryň 87,27 göterimi ses bermäge gatnaşdylar.
Şeýlelikde, Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-niň habarçysyna habar berişleri ýaly, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Ýakyn wagtda ses bermegiň gutarnykly netijeleri yglan ediler.
Ýerlerde saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna gözegçiligi milli synçylar amala aşyrdylar. Olar giň bäsdeşlik we aýanlyk esasynda geçirilen şu günki saýlawlara ýokary baha berdiler.
Ýerlerde sesleri sanamak işleri dowam edýär, ýöne häzir eýýämden agzybir we jebis türkmen halkynyň nobatdaky gezek halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän däpleri üçin ses berendigini ynam bilen aýtmak bolar. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik sütünleriniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň esasynda durýar.