Ï Täze mekdepleriň boýy barha ýokary galýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze mekdepleriň boýy barha ýokary galýar

view-icon 701
Daşoguz şäherinde 900 orunlyk orta mekdep ulanyşa bermäge taýýar edildi. Boldumsaz, Gubadag etraplarynyň dolandyryş merkezleriniň, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň “Ak altyn” daýhan birleşiginiň Bagtly obasynyň çäklerinde we ýurduň debirgazyk sebtiniň beýleki ýerlerinde orta mekdepleriň täze binalarynyň gurluşygy dowam edýär.

Şunlukda, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň dolandyryş merkezinde 720 okuwçy orunlyk iki gatly orta mekdebiň binasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Bu desga umumy alty gektar meýdany eýeleýär. Okuw binalarynda kompýuter we multimediýa tehnikalary bilen üpjün ediljek giň ýagty synp otaglary, himiýa, biologiýa, labaratoriýaly fizika kabinetleri ýerleşer. Şeýle hem mekdepde saz we horeografiýa bilen meşgullanmak üçin lingafon tehnikaly jaýlar, maslahat we sport zallary, zähmet okuwy üçin ussahana niýetlenen aýratynlykdaky jaýlar bolar. Taslamada açyk meýdanda futbol meýdançasyny, ylgaw ýodalaryny, hereketli oýunlar üçin sport meýdançalaryny gurmak göz öňünde tutulandyr.