Ï Sport žurnalistleriniň konferensiýasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport žurnalistleriniň konferensiýasy

view-icon 692
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetinde Türkmenistanyň sport žurnalistleriniň federasiýasynyň (TSŽF) maslahaty geçirildi. Onuň işine milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – teleradionyň, gazet we žurnallaryň işgärleri, şeýle hem sport guramalarynyň we federasiýalaryň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Konferensiýanyň gün tertibiniň çäklerinde bu jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçy, onuň ýerine komitetiniň we derňew toparynyň ýolbaşçy düzümleriniň saýlawlary geçirildi. Şeýle hem sport žurnalistleriniň işlerini kämilleşdirmek, olaryň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak we öňde duran 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we aöweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek ýaly meselelere garaldy.