Türkmenistanyň IIM Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň binasynda tokaý böleklerine gözegçilik edýän edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahaty paýtagtyň ýangyna garşy göreşijileri we Tebigaty goramak minstrligi guradylar. Maslahatda 1-nji maýdan 30-njy oktýabra çenli dowam edýän ýangyn howply möwsüminiň başyna taýýarlyga garaldy.
Ýaz paslynyň guran otjumak ösümlikleriniň ýanmagynyň öňüni almak üçin, däp bolşy ýaly, ekilen baglaryň, üzümleriň hatar aralaryny, oba hojalyk ekinleriniň, ýollaryň gyralaryny, şäherçeleriň töwereklerini, tokaý zolaklarynyň aňyrlaryny, şeýle hem elektrik geçirijileriň we awto we demir ýollarynyň ugurlaryny sürmek bilen, guran ot-çöplerden arassalaýarlar.
Tebigaty goramak ministrliginiň düzüm bölekleriniň işgärleri beýleki edaralaryň hünärmenleri bilen 1-nji iýundan başlap, dag etekleriniň belent ýerlerinde gurlan nokatlaryndan elleri ykjam aragatnaşyk serişdeli we awtoulag bilen gözegçilik ederler.
Köpetdagyň eteklerinde ekilen baglara ideg etmek şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar. Häzirki wagtda 100 müň gektardan gowrak ýere onlarça million bag nahallary ekildi. Her ýylda 3 million düýp bag nahallary ekilýär. Olary ýangyndan goramak üçin eýýäm ýaz paslynyň ortalaryndan başlap, ýangyna garşy göreş çäreleri geçirilýär – dürli desgalaryň töwereklerindäki, şol sanda tebigaty goraýyş zolaklarynda hem, çäkler guran ot-çöplerden arassalanýar.