Ýeňiş Gününiň öň ýanynda watansöýjülik çäreleri – 1941-1945 ýyllaryň uruş weteranlaryna hormat goýmak, olaryň ýaşlar bilen duşuşyklary giň gerime eýe bolýar. Ösüp gelýän ýaş nesil bilen şeýle duşuşyklaryň biri paýtagtyň 16-njy mekdebinde geçirildi. Bu duşuşşyga “Frondaş joralar” klubynyň agzalary gatnaşdylar.
“Frondaş joralar” klubynyň döredilenine eýýäm 40 ýyl töweregi boldy. Onuň agzalary uruş ýyllarynyň kynçylykly günlerinde söweş meýdanlaryny geçdiler. Weteranlar öz ýaşlaryna garaman, ýaşlar bilen işi işjeň alyp barýarlar. Durmuş tejribeleri, ruhy we watansöýjülik gürrüňleri bilen olar ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge uly goşant goşýaralr. Bu bolsa olaryň öz ýurdunyň ykbaly üçin görkezýän gaýduwsyzlyk mekdebiniň nusgasy bolup durýar.
Duşuşygy guraýjylara tolgundyryjy ýagdaýy döretmegi başardypdyr. Çagalaryň urşa gatnaşylara bagyşlap eden çykyşlary, sazlar, şahyrana, tans nomerleri bu çärä gatnaşan myhmanlaryň ýüreklerini tolgundyrdy. Şeýle tolgundyryjy pursatlaryň biri hem kiçi synp okuwçylarynyň uruş ýyllarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirip, eden çykyşlary boldy. Olaryň tüýs ýürekden ýerine ýetiren aýdymlary mynasyp watany söüji bolup ýetişmekleriniň kepili bolup ýaňlandy.
Bu watanysöýjülik çäresine gatnaşyjylar weteranlaryň çykyşlaryny uly hormat we üns bilen diňlediler. Döşleri medallay bu ak saçly gahrymanlar watanysöýjülik, merdanalayk, ýer togalagynda parahatçylygyň hatyrasyna Ýeňiş gazanan adamlar barada tolgundyryjy gürrüň berdiler hem-de ýaşlary mynasyp raýatlar bolup ýetişmeklerine çagyrdylar.
Öňde bolsa bu klubyň agzalarynyň paýtagtyň okuw mekdeplerinde, harby bölümleinde guraýan ýaşlar bilen duşuşyklary garaşýar.