Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda aşgabatlylar üçin täze ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna badalga berilýär. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin niýetlenen bu toplum oba ýerinde aýlawly ýoluň golaýynda paýtagtyň merkezinden 15-20 minutlyk ýolda ýerleşýär. Häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin 257 gektar ýer bölünip berildi. Onda 1536 sany bir we iki gatly öýleri, şeýle hem mekdepleriň ikisini, çagalar baglarynyň dördüsini, saglyk öýleriniň ikisini, durmuş öýüni, dükanlaryň dördüsini, abadanlaşdyrylan seýilgähi we beýleki desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Ilat üçin aňrybaş ýaşaýyş durmuş şertlerini döretmek üçin Aragatnaşyk ministrligine we “Türkmengaz” konsernine geljekki ýaşaýyş jaý toplumynda aragatnaşyk we gaz geçiriji gurluşlary boýunça işleri geçirmek tabşyryldy.
Ýaşaýyş jaýlarynyň ählisi kerpiçden örülip, monolit karkasda ýerine ýetiriler. Jaýlaryň daşky we içki bezeg işlerinde ýokary hilli önümler – suw-emulsiýa reňkler, kafeller, laminantlar ulanylar. Gatyň beýikligi 3,5 metr bolar. Öýler zowwam we çüňkleýin şemallaşdyryşa eýe bolar. Jaýlaryň otaglaryny ýylatmak üçin her bir jaýyň özbaşdak bug gazany bolar. Şeýlelik bilen, bu ýeriniň geljekki ýaşaýjylaryna aňrybaş amatly şertleri döretmek üçin hemme oňaýlyklar göz öňünde tutulandyr.
Bölünip berlen ýerde jaýlaryň dört görnüşini gurmak göz öňünde tutulýar. Meýdany 222 inedördül bolan kottejleriň 230-dan gowragy iki gatdan ybarat bolar. Bu öýleriň iki gatynda ýatylýan otaglaryň dördüsi, giň myhman otagy, iki sany sanuzel, girelge, aşhana, bug gazany üçin otag we beýleki otaglar bolar. Her bir howly 0,8 gektar bolup, olar bezelen haýatly bolar. Howluda ulag we beýleki hojalyk esbaplaryny goýmak ýa-da öý haýwanlaryny saklamak üçin ýörite telärler ýerleşer.
Meýdany 201 inedördül bolan bir gatly bäş otagly (olaryň 376-sy gurlar) öýlerde hem ýatylýan otaglaryň dördüsi we meýdany 36 inedördül metr bolan myhman otagy, sanuzeller we bug gazany üçin otaglar bolar. Ýöne, iki gatly öýlerden tapawudy –bu bir gatly öýleriň ýerzemini (podwal) bolar. Hojalyk zerurlyklary we doly funksional toplumly giň ýerzeminli dört otagly 167 inedördül metr meýdany eýeleýän kottejleriň 376 gurlar. Sanuzelli we ýerzeminli üç otagly (olaryň 552-si gurlar) kottejler hem uly bolmadyk maşgalalar üçin ähli amatlyklary döreder.
Oba ýerinde şäher aladalary bilen ýaşamagy makul bilýän paýtagtyň ýaşaýjylary üçin gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyny 2017-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.