Ï Olaryň gahrymançylygy bilen ýigriminji asyr dabaralandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Olaryň gahrymançylygy bilen ýigriminji asyr dabaralandy

view-icon 857
Paýtagtyň “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlaryna, tylda zähmet zekenlere, ýan ýoldaşlaryny ýitiren hem-de öz ýeke-täk ýoldaşlaryna ömürboýy garaşyp gelen enelere hormat goýmak dabarasy geçirildi. Bu dabaraly duşuşygy Türkmenistanyň Käredeşler arkalaşyklarynyň merkezi geňeşi we Zenanlar guramasy bilelikde guradylar.

Uruş weteranlary – Pirnepes Nurmedow, Orazberdi Berdiýew, Aleksandr Agajanow, Jibo Gawaşeli, Kabir Karimow, Faina Smirnowa, Tamara Mýatowa, Dariko Şamsutdinowa geçen ýyllary ýatladylar, özleriniň hatarlarynyň ýylsaýyn azalýadygyny hasrat bilen gürrüň berdiler. Bu çal saç weteranlar özleriniň ýaşlary ýaňy on sekiz dolanda 1941-nji ýylda urşa gitdiler. Aleksandr Agajanow 3-nji Ukrain frontunda ilki bilen pyýada goşunda, soňra artilleriýada razwedkaçy bolup söweşdi. Pirnepes Nurmedow uruş ýyllarynda felşer boldy, Jibo Gawaşeli Sewastopolda deňiz howa güýçlerinde gulluk etdi, Dariko Şamsutdinowa ilki bilen howa güçlerinde, soňra artilleriýa polkunda nyşana gönükdiriji bolup gulluk etdi, radiotelegrafistkaçy Faina Smirnowa uruş liniýasy bilen söweşjeň hereket ştabyny aragatnaşyk bilen üpjün etdi. Bu adamlaryň paýyna köp hasratly wakalary çekmek düşdi, olar öz söweşjeň ýoldaşlarynu ýeňlişlerini we wepat bolmaklaryny gynanma bilen ýatladylar.


Ýeňşiň hatyrasyna tylda zähmet çekenler hem göz öňüne getrip bolmajak kynçylykly günleri başdan geçirdiler. Ene Öwezowanyň, Aýsoltan Garajaýewanyň we Akjemal Amanaowanyň çagalyk ýyllaryň uruş ýyllarynyň kynçylykly günlerine gabat geldi. Bize “Hemme zat front üçin, hemme zat ýeňiş üçin” diýen şygar örän düşnükli we ýakyndyr diýip, bu mährem eneler aýdýarlar. Aýsoltan Garajaýewa 14 ýaşynda ýetim galyp, nah mata fabrigine işe bardy, Ene Öwezowa hem ýaşlygyndan dokma stanogynda işledi, Akjemal Amanowa dokma fabriginde fronta gidenleriň ýerine işledi, Mariýa Mantrowa aýakgap fabriginde aýakaplary we ellikleri tikmek bilen meşgul boldy. Olaryň ählisi front üçin, ýeňşiň hatyrasyna işlediler. Işden soň bolsa bu gyzjagazlar hassahana giidip, şepagat uýalaryna we sanitarlara kömek berdiler.

Weteranlaryň gahrymançylyklary we batyrgaýlyklary, ýar ojagyny häzirki güne çenli saklap oturan mährem eneler üçin paýtagtyň meşhur aýdym-saz toparlary iň gowy aýdymdyr sazlary, tans nomerleri bilen çykyş etdiler.

Bu dabaraly duşuşyk weteranlara, mährem enelere we tylda zähmet çekenlere gül çemenlerini we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak bilen tamamlandy.