Paýtagtyň “Parahat” medeni-dynç alyş merkeziniň bezelen zalynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşynyň weteranlarynyň hormatyna dabara geçirildi. Bu ýerde paýtagtyň lukmançylyk jemgyýetiniň wekilleri ýygnandylar. Batyrlygyň we edermenligiň netijesinde gazanylan ýeňşiň esgerleri bolsa bu dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.
Ussat we höwesjeň artistleriň hem-de döredijilik toparlarynyň taýýarlan ajaýyp konserti weteranlar üçin uly sowgat boldy. Olaryň ýerine ýetirmeklerinde uruş ýyllarynyň we häzirki zamanyň sazlary we aýdymlary ýaňlandy. Paýtagtyň saglyk öýleriniň işgärleriniň taýýarlan lukmanyň işi barada gürrüň berýän gülkili kiçi-spektakly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşy alyndy.
Dabaranyň ahyrynda weteranlaryň ählisine dabarany guraýjylar – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş müdirli we saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan köp sanly sowgatlar gowşuryldy.