Ï Ýurdumyzda täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 644
Şu gün Babadaýhan etrabynyň “Akwekil” geňeşliginde welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýerli hususy kärhananyň işgärleri tarapyndan bina edilen täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.

Täze mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy okgunly ösýän obanyň binagärlik keşbiniň bezegine öwrüldi. Çagalar bagynyň iki gatly binasy özboluşly binagärlik usulynda gurlup, öňdebaryjy gurluşyk tehnologiýalaryny we milli bezeg aýratynlygyny jemleýär.

Çagalar şäherjiginiň giň binasy körpeleriň 80-sine niýetlenip, onda ýaşajyk nesliň sazlaşykly terbiýe almagy, döredijilik we beden taýdan kämilleşmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Dürli ýaşdaky toparlar üçin niýetlenen jaýlaryň ählisinde oňaýly şertler döredilipdir we naharhanalar, oýun oýnalýan we ýatylýan otaglar, owadan we amatly mebeller bar. Okuw otaglary, şol sanda lingafon we kompýuter synp otaglary häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylypdyr. Täze binada çagalar iň kiçi ýaşyndan başlap, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň, şeýle hem kompýuter maksatnamalaryndan peýdalanmagyň tälimlerini ele alyp bilerler.

Çagalar şäherjiginde aýdym-saz we tans öwredilýän otaglar, sport we oýun oýnalýan meýdançalar göz öňünde tutulypdyr. Häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda bu ýerde aşhana bölümi, lukmançylyk otagy, beýleki kömekçi jaýlar, özbaşdak howany sowadyş, energiýa we suw üpjünçiligi ulgamlary bar.

Çagalar bagynyň çäkleri abadanlaşdyrylypdyr, bu ýerde oňaýly oturgyçlar we dynç almak üçin telärler, açyk howada dürli çäreleri geçirmek üçin meýdançalar gurnalypdyr.

Täze binanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar – welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň köpsanly ýerli ýaşaýjylaryň belleýişleri ýaly, bu obada ulanmaga berilýän täze çagalar bagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesil hakynda yzygiderli edýän aladasynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, umumybilim berýän mekdepler, sport mekdepleri, durmuş maksatly köpsanly beýleki desgalar "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly işlere halkymyzyň buýsanjyny has-da ýokary göterýär.

Dabarada has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.