Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp ýurdumyzda geçirilýän köp sanly binagärlik açylyşlary şu gün ýene-de Balkan welaýatynda dowam etdi. Serdar etrabynyň Goç obasynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilen çagalar üçin döwrebap bakja bagy gapylaryny giňden açdy.
Ir ertirden mekdebe çenli täze edaranyň iki gatly binasynyň öňündäki her dürli owadan bezegler bilen baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada ruhubelentlik we şadyýanlyk höküm sürýär. Şanly waka mynasybetli bu ýere etrabyň we welaýatyň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we obanyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Sazlar ýaňlanýar, mähriban Watanymyza gyzgyn söýgi baradaky belent aýdymlar we okalýan goşgular, joşgunly tanslar bilen çagalar gutlamaga gelenleri garşylaýarlar.
80 körpäniň gatnajak täze çagalar bagy häzirki zaman döwrümize häsiýetli bolan binagärlik görnüşinde guruldy. Bu ýerde ajaýyp enjamlaşdyrylan oýun we sport zallary, rahat ýatakhanalary bar. Ders otaglarynda çagalary mekdebe taýýarlamaga, daşary ýurt dillerini, kompýuter sowatlylygynyň başlangyçlaryny, sazy, surat çekmegi öwretmäge, hemmetaraplaýyn taýýarlamak, beden taýdan terbiýelemek üçin ähli şertleri döredipdir. Çagalar bagynda giň mejlisler zaly, naharhana, kömekçi binalary bar, binanyň durmuş üpjünçiliginiň zerur bolan aragatnaşyk ulgamlary işleýär. Howlunyň abadanlaşdyrylan meýdanynda hiňňildikleri, emeli dagjagazlar we çägeleri bolan oýun we sport meýdançalary ýerleşdirilipdir.
Soňky alty ýylda Balkan welaýatynda täze görnüşli 25-den gowrak mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurulandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda çagalar üçin niýetlenen ajaýyp sagaldyş merkezleri guruldy. Hemme şäherlerde we etraplarda döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary we beýleki sport desgalary ulanyşa tabşyryldy. Bu günki dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de türkmen halkynyň abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy we döwlet Baştutanymyzyň bilim we ösüp gelýän nesli terbiýelemegiň milli ulgamyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin aýratyn hoşallyk bildirdiler. Milli Liderimiziň şeýle aladasy ýurdumyzy döwrüň täze şertlerini, milletimiziň öňünde üçünji müňýyllykda durýan ägirt uly wezipeleri göz öňüne tutup, mundan beýläk-de öňe hereket etmegi üçin örän uly ynsanperwer we işgärler binýadyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
div align=center>* * *

Mary etrabynyň Parahat geňeşilginiň Akgoňur obasynda 90 orunlyk täze döwrebap çagalar bagynyň binasy dabaraly açyldy. Bu waka oba çagalary olaryň ene-atalary üçin oňat sowgat boldy.
Täze bina ýurdumyzda şeýle desgalaryň gurluşygyna bildirilýän ähli ýokary talaplara laýyk gelýär. Otaglaryň içki bezegi, olaryň enjamlaşdyrylyşy boýunça mekdebe çenli täze edarada ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösmegi, amatly dynç almagy, ýaş aýratynlyklary boýunça körpeleriň wagtlaryny mazmunly geçirmekleri üçin aňrybaş şertler döredilipdir. Rahat ýatakhanalary, saz, oýun otaglaryny, kompýuteriň başlangyç sowatlylygyny öwretmäge niýetlenilen otaglary goşmak bilen okuwlar üçin giň ýagty otaglar körpelere niýetlenendir. Azyk-owkat üçin niýetlenen ýörite toplum, lukmançylyk nokady, fiziki işjeňligi ösdürmek üçin sport zal, şeýle hem binanyň bagy-bossanlyga bürenen töwereginde ýerleşdirilen oýun meýdançalary bar. Daşardaky meýdançalarda körpeler üçin üçin özüne çekiji bolan guşlaryň we haýwanjyklaryň şekilinde ertekileriň gahrymanlary oturdylypdyr.
Çagalar bagynyň daşky bezeg görnüşi hem gelşiklidir. Binanyň ýokary hilli bezeg materiallarynyň ulanylmagynyň esasynda onuň içgi otaglary boýunça hem çagalar bagy aňrybaş binagärlik çözgüdi hem-de däp bolan milli binagärligiň özboluşly görnüşi bolup durýar. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilen täze çagalar bagy Murgap düzlüginiň ilatly ýerlerinde soňky ýyllarda gurlan we işleýän durmuş ähmiýetli onlarça desgalaryň üstüni ýetirdi.
Täze desganyň açylmagy mynasybetli obalylaryň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, ýerli özüni dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, halkyň hormatly ýaşulularynyň gatnaşmagynda baýramçylyk ruhunda geçdi. Desganyň gurluşygynda öz zähmetleri bilen has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlarynyň goşwurylmagy bilen olara hormat goýuldy. Dabara gatnaşyjylar welaýatyň medeniýet müdirliginiň döredijilik toparlary tarapyndan guralan ajaýyp aýdym-sazly dabaranyň tomaşaçylary boldular. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Bitarap Türkmenistany öz aýdym-sazly tansly çykyşlarynda şöhratlandyrdylar.