>"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhana hyzmaty ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesini iş ýüzünde ornaşdyrmak maksady bilen deňiz şypahanasynyň myhmanhana toplumlarynyň işgärleri üçin köp günlük okuw maslahaty geçirilýär. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimligi tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş baradaky halkara agentligi (TIKA) bilen bilelikde guraldy. Milli syýahatçylygyň türkmen hünärmenleri bilen birlikde mugallymlar hökmünde Türkiýe Respublikasynyň pudaklaýyn bilim merkezleriniň we kaşaň myhmanhanalarynyň tejribeli, ýokary hünärli hünärmenleriniň 20-ä golaýy gatnaşýar.
Okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen döwletiniň Baştutanynyň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugry bolan şypahana –syýahatçylyk düzümini ösdürmäge aýratyn üns berýändigini belläp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ýurdumyzyň syýahatçylyk kuwwatyny açmakda uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Giň möçberli özgertmeleriň ýedi ýylynyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen kenary bu mekanyň syýahatçylyk serişdelerini özleşdirmegiň, türkmen topragynyň bu gözel künjeginiň ekologiýa arassalygyny saklamagyň we artdyrmagyň döwrebap tehnologiýalaryny netijeli ulanmagyň, daşary ýurtlulara dünýä derejesindäki syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürlemek arkaly Türkmenistanyň eksport mümkinçililigini artdyrmagyň ägirt uly merkezine öwrüldi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň şypahana merjeninde şeýle okuw maslahatyny geçirmäge döreden mümkinçiligi üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we syýahatçylyk işewürligi üçin işgärleri taýýarlamak ulgamynda iki doganlyk ýurduň hyzmatdaşlygynyň türkmen şypahanasynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de okgunly ösdürmegiň möhüm şerti boljakdygyna ynam bildirdiler.
Ýurdumyzda işewürligiň dürli ulgamlarynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagyň netijeli usuly hökmünde halkara tejribe alyşmak işjeň ulanylýar. Şeýle okuw maslahatlary deňiz şypahanasynyň çäginde abraýly halkara guramalarynyň hem-de dünýäniň bilim merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda ençeme gezek geçirildi. Bu ulgamdaky gatnaşyklar Türkiýe bilen has okgunly ösdürilýär. Şu ýylyň aprel aýynda myhmanhana hyzmatynda dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynda boldy. Biziň wekiliýetimiziň düzümine Awazanyň şypahana toplumynyň ýolbaşçylary girdiler. Alnan bilimler Awazanyň myhmanhanalarynyň, şypahanalarynyň hem-de çagalar we ululuar üçin dynç alyş merkezleriniň işini guramaga üstünlikli ornaşdyrylýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň işjeň döwlet syýasaty Türkmenistanyň täze geljegi uly ugur hökmünde syýahatçylyk ulgamynyň ählumumy bazaryna goşulyşmagyna, halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, daşary ýurtlarda geçirilýän iri pudaklaýyn ýarmarkalara, bütindünýä sergilerine gatnaşmagyna ýardam edýär. Türkmenistan Şanhaýda “EKSPO-2010”, Koreýa Respublikasynda “EKSPO-2012” sergilerine gatnaşdy we indi bolsa Milanda geçiriljek “EKSPO-2015” sergisine taýýarlyk görýär.
Okuw maslahatynyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Baş müdirliginde açylan umumy mejlisi deňiz şypahanasynyň myhmanhanalarynda iş orunlarynda tejribe sapaklary bilen dowam etdi. Ilkinjiler bolup okuw sapaklaryna 5 ýyldyzly “Hazyna”, “Arzuw” myhmanhanalarynyň, “Daşoguz” sagaldyş we dynç alyş merkeziniň hem-de çagalar we ulular üçin “Daýanç” sagaldyş toplumynyň işgärleri girişdiler. Geçirilýän sapaklaryň maksady hyzmat edýän işgärleri dynç alýanlary mähirli garşylamagy guramakda, toý saçaklaryny bezemekde, döwrebap tehnologiýalary we enjamlary ulanmak arkaly tagamlary taýýarlamakda, myhmanhananyň otaglarynda ähli amatlyklary üpjün etmekde halkara ülňüleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Okuw-tejribe maslahatyny öz ugurlary boýunça ussat mugallymlaryň dört topary alyp barýar. Okuwlar 8 güne niýetlenendir, şondan soň şu maksatnama boýunça okuwlar nobatdaky dört myhmanhanada dowam eder. Umuman, şu ýylyň 19-njy maýyndan 13-nji iýunyna çenli 800 adamy -- "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhana hyzmaty boýunça ähli işgärlerini okuwlara çekmek göz öňünde tutulýar.