Ï Täze awtoduralga – awtoulag sürüjileriniň hyzmatynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze awtoduralga – awtoulag sürüjileriniň hyzmatynda

view-icon 815
Şu gün türkmen paýtagtynda köp gatly ýapyk awtoduralganyň açylyş dabarasy boldy.

“Aşgabat” medeni -- dynç alyş seýilgähiniň günbatar böleginde ýerleşýän täze awtoduralga halkara ülňülerine laýyk gelýär we enjamlaşdyrylyşy boýunça bu ulgamdaky iň soňky talaplary ödeýär.

Täze awtoduralga 240 awtoulag üçin niýetlenendir. Ol adam zähmetini talap etmeýän awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Awtoduralganyň girelgesinde ýörite elektromagnitli enjam, germewler, çykylýan ýerinde bolsa detektor abzaly goýlupdyr. Bu ýere gelýän awtoulaglar awtomatik usulda bellige alynýar, sürüji awtoduralga girendigi baradaky bellikli ýörite resminamany alýar, ony bu ýerden çykylan wagty görkezmek zerurdyr.

Bu ýerde her awtoulag üçin ýörite ýer bölünipdir, olaryň päsgelçiliksiz girip- çykmagy üçin ulag serişdeleriniň hatarlarynyň arasynda giň geçelgeler göz öňünde tutulypdyr, şeýle hem awtoulaglary ýokaryk galdyrmak we aşak düşüirmek üçin estakadalar bar, bu bolsa sürüjileriň wagtyny tygşytlamaga ýardam berýär. Bu ýerde basgançaklardan başga liftler hem gurnalypdyr. Köp gatly awtoduralga ýangyna garşy ulgam bilen üpjün edilipdir, elektrik energiýasynyň bökdençsiz berilmegini transformatorlar we dizel generatory üpjün edýär, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr we agaç nahallary oturdylypdyr.

Awtoduralga amatly ýerde ýerleşýär. “Aşgabat” medeni- dynç alyş seýilgähiniň durky düýpli täzelenenden soň, bu ýeriniň aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köp gelýän ýerine öwrüljekdigi gürrüňsizdir. Täze awtoduralganyň bu seýilgähiň golaýynda ýerleşmegi bolsa şäheriň bu böleginde ulaglaryň hereketini kadalaşdyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda gurlan we ulanmaga berlen täze desga paýtagtymyzyň ulag düzüminiň aýrylmaz bölegi bolup, onuň gurluşygynda ygtybarly gurluşyk serişdeleri ulanyldy we iň häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiki çözgütler peýdalanyldy. Şunda ýokary ýük göterijilik we seýsmologiýa taýdan ygtybarlylyk ýaly ölçegler göz öňünde tutuldy.

Awtoduralganyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ulag düzüminiň desgalaryna aýratyn talaplar bildirilýär, gurluşyk işleriniň we potratçylaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän ähli tehnologiýa kadalaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Şunda Aşgabadyň täze keşbi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň ýokary derejesine ähli babatlarda laýyk gelmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik hem-de ösüş ruhuny özünde jemlemelidir.

Bu babatda adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleri döretmek şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ýörelgesiniň esasy ölçegidir. Häzirki wagtda Aşgabatda bina edilýän ähli desgalar paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşmak bilen, bu ýörelgä laýyk gulýär, şäherimizi has-da gözel görke getirýär.

Şu günki dabaranyň barşynda döredijilik toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary boldy, olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.